«Şekillendiriş sungatynda Watan waspy»

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň zenanlar guramasynyň hem-de muzeýiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Şekillendiriş sungatynda Watan waspy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda zenanlara goýulýan sarpa,  her ýylda agzybirligiň, jebisligiň nyşany bolan Garaşsyzlygyň ösüş ýolundan gazanylan sepgitlerdir, öňde duran wezipelere ser salmakda möhüm ähmiýete eýe bolan Halk maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda, döwletli maslahata gabatlap, dürli pudaklarda göreldeli zähmetiň belent nusgasyny görkezen, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal zähmet çeken ildeşlerimize sylag-serpaýlaryň ýapylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy barada çykyş edenler nygtadylar. Çykyşlaryň dowamynda ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanmak dogrusynda hem aýratyn bellenildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244