Güýz keşbi
Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik gurnaldy. Onuň dowamynda türkmen nakgaşlarynyň dürli döwürlerde pasyllara görä döreden birnäçe eserleri türkmen şekillendiriş sungatynda yz goýan görnükli suratkeşlerimiz barada gürrüň berdiler. Her bir paslyň özüne mahsus gözelligi, reňk öwüşgünleri bolýar. Şeýle gözelligi döredip ony halka ýetirýän hem şekillendiriş sungatynyň wekilleridir. Pasyllaryň arasynda güýz pasly hem özboluşly gözellige eýe bolup, şekillendiriş sungatynyň ussatlary ýazyjy şahyrlarymyzam hem öz eserlerinde wasp edendiklerini çykyşlarda beýan etdiler. Çykyşlaryň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.