Döwletliligiň berk binýady
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerinde halkyň agzybirligi we jebisligi hemişe esasy orun eýeleýär. Türkmen jemgyýetinde ýaşululara bolan hormat möhüm orun eýeleýär. Ata-babalarymyz ähli döwürlerde ýaşulularyň degerli maslahatlaryny döwletli işleriň başlangyjy hökmünde kabul edip nesilden-nesile geçip gelýär. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň syrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşjak myhmanlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenç etdiler. Türkmen halkynyň baý mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklarymyz boýunça muzeýde alnyp barylýan işler dogrusynda muzeý hünärmenleri myhmanlara gürrüň berdiler. Muzeýe gelen myhmanlar ähli döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.