Döwürlere ýörelge – nesillere görelde
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda gözbaşyny gadymdan alyp gelýän däbi ýaşulularymyzy sylamak, hormat goýmak Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer baştutanlygynda häzirki döwürde hem döwlet derejesinde dowam etdirilýär. Her ýylyň 1-nji oktýabrynda BMG-a girýän döwletlerde Halkara ýaşulular gününi dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bagtyýar zamanamyzda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek däbi nesilden-nesile geçip gelýär. Il içinde ýokary adamkärçiligi bilen, görelde bolýan ýaşulularymyza “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy” diýen mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge göterýär.
Günsaýyn ösýän, özgerýän eziz Watanymyzyň her bir güni toý-baýramalara beslenýär. Dilleri senaly Ýaşulularymyzyň halkara güni mynasybetli hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Döwürlere ýörelge – nesillere görelde” atly sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň nakgaş hem-de heýkel eserleri sergilendi.
Ýaşulular jemgyýetiň paýhas hazynasydyr. Törden orunly, parasatly-öwitleri, baý durmuş tejribesini özinde jemlän ýaşulularymyzy, dünýäniň bezegi bolan kümüş saçly mährem enelerimizi Halkara Ýaşulular güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!