Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň sergisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni gymmatlyklarymyzy, milli mirasymyzy gorap saklamak ýurdumyzda alnyp barylýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynyň kenarýaka böleginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergi hem gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Güljeren Atabaýewa sergide çykyş etdi. Ol öz çykyşynda döredilip berilýän giň mümkinçikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi.