Hoşgeldi Şahberdiýewiň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýatlama sergi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli medeniýetimiziň taryhynda uly yz galdyran görnükli şahsyýetleriň döredijiligine sarpa goýmak — bu biziň şöhratly geçmişimiz bilen nurana geljegimizi birleşdirýän ruhy köprüdir. Bu asylly ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýatlama sergi gurnaldy. Sergide suratkeşiň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserler, nakgaş we portret eserleri görkezilýär.
Suratkeş 1946-njy ýylyň iýun aýynyň 28-ine güneşli tomusda doglup, ömrüniň her bir pursatyny eserlerine siňdiren Hoşgeldi Şahberdiýew 1986-njy ýylyň aňzakly ýanwarynda, juwan ýaşynda dünýeden ötýär, ýöne, reňkler bilen ýazylan ajaýyp bir sungat dünýäsini ildeşlerine peşgeş galdyran suratkeş heniz-henizlerem öz döreden şol dünýäsinde – eserlerinde ýaşaýar.
Sungatymyzyň ägirtleriniň atlaryny ebedileşdirmek we halkymyza ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy belent derejelere göterýän döwlet syýasatynyň saýasynda türkmen şekillendiriş sungatyny mundan beýläk-de rowaçlyklara tarap alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, türkmen sungatyny dünýä ýaýmakda tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!