Garaşsyzlyk bilen galkynan bedew
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp «Garaşsyzlyk bilen galkynan bedew» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler, şeýle hem bu ýylyň adynyň behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagy ýetiljek belent üstünliklerden, aşyljak şöhratly menzillerden nyşandygy, pederlerimiziň baş arzuwy, nesilleriň buýsanjy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilip geçilmegi dogrusynda çykyş edenler nygtadylar. Çykyşlaryň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.