Hytaý Halk Respublikasynyň «Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi» şekillendiriş we fotosurat sergisi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Hytaý Halk Respublikasynyň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşmesiniň Halkara aragatnaşyk bölümi hem-de Sinziýan Uýgur awtonom sebitiniň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşiginiň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan «Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi» şekillendiriş we fotosurat eserleri sergilenýär. Sergide Sinziýanyň ussat suratkeşleriniň döreden ösen döwrüň hytaý ruhuny we Sinziýan sebitiniň özboluşly keşbini özünde jemleýän sungat eserleri görkezilýär. Týan-Şan daglarynyň demirgazygyndan günortasyna çenli uzap gidýän gözel tebigatyny, köp öwüşginli milli däp-dessurlary we döwrüň joşgunly ruhyny wasp edýän bu ekspozisiýa giň mazmuny bilen tapawutlanýar. Nakgaş eserlerinde ýerli halkyň gündelik durmuşy hem-de gadymy däp-dessurlary dürli çeperçilik ugurlarda açylyp görkezilýär. Hytaýyň gadymy grafika sungatyna degişli eserlerinde bolsa Hytaý tebigatynyň dürli pasyllardaky owadanlygy inçeden ýerine ýetirilip, olarda dag-düzleriň arassa howasy we ruhy gözelligi aýdyň duýulýar. Şeýle hem sergide görkezilen fotosuratlar Hytaýyň täsin tebigatyny, şäher peýzažlaryny we gazanylan uly üstünlikleri beýan edilýär. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň resmi wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda şeýle giň göwrümli medeni-sungat çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi iki döwletiň baý medeni mirasyny, parahatçylykly hem-de dostlukly ýörelgelerini halk köpçüliginiň arasynda has içgin öwrenmäge we giňden wagyz etmäge uly ýardam berýär. Bu döredijilik duşuşyklary diňe bir sungat söýüjileriň gözýetimini giňeltmän, eýsem iki halkyň arasyndaky ruhy ýakynlygy, özara hormat goýmak we düşünşmek ýörelgelerini hem täze basgançaklara göterýär.