Hasyl toýy mynasybetli «Rysgal-bereketli topragym» atly sergisi
Bagtyýar Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy bellenilip geçilýär. Mähriban topragymyzyň sahawatyny, daýhanlarymyzyň çeken aladalaryny hem-de halal zähmetiniň miwesini dabaralandyrýan Hasyl toýy halkymyzyň iň eziz görýän toýlarynyň biridir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Hasyl toýuna bagyşlanyp «Rysgal-bereketli topragym» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň “Gül dessesi”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ogulgurban Atabalowyň “Natýumort”, “Pile saýlanyşy”, şeýle hem ussat suratkeşlerimiz Çary Öwwäýewiň “Hasyl”, Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Erik ýygymy”, Merdan Kakabaýewiň “Ak bugdaý”, Hezret Rejepowyň “Pagtaçylar”, ýaly nakgaş, grafika we gobilen eserleri sergilendi. Sergimizde nakgaş eserleri bilen birlikde Muhammet Ýüzbaşowyň “Hasyl baýramy”, Baýrammyrat Esengeldiýewiň “Zähmet ýeňişi”, Çaryýar Durdyýewiň “Hasyllylyk”, “Miweler” ýaly heýkel we keramika eserleri hem sergilendi. Baýramçylyk sergimizde sergilenen sungat eserleriniň her biri diýarymyzyň tebigatyny, asuda asmanynyň, parahat zeminiň çeper keşbini beýan edip mele topragyň hasylyny açyp görkezýär.
Asuda Watanymyzda, sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekedi hiç wagt egsilmesin! Bereketli türkmen saçagymyz nazy nygmatlardan doly bolsun! Ýetip gelýän Hasyl baýramy bilen Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy hem-de zähmetsöýer daýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!