Döwür we Watan
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnamagynda «Döwür we Watan» atly gepleşigiň täze sany ýazga geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz medeniýet we sungat ulgamynda ajaýyp üstünliklere ýetýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda milli medeniýetimiz täze öwüşginlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip, medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini bellemek bilen, ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýdyň görkezýändigi dogrusynda gepleşikde muzeý hünärmeni Aýjemal Rahimowa çykyş etdi. Gepleşik Altyn asyr Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi.