Milli miras-milli buýsanç

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek we ony dünýä ýaýmak barada amala aşyrylýan işler barha ýaýbaňlanýar. Häzirki wagtda taryhy-medeni ýadygärliklerimizi we gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, dikeltmek, goramak hem-de olary öwrenmek, wagyz etmek boýunça geçirilýän işler döwlet derejesinde uly ähmiýete eýedir. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda hünärmenler milli mirasymyzy gorap saklamak, olary öwrenmek, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylymyzda gazanylan üstünlikler dogrusynda, şeýle hem türkmeniň behişdi bedewleri barada çykyş etdiler. Çykyşlaryň ahyrynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.

Paýlaş

11/11/2026

Bildiriş

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244