Nurana geljegiň bähbidine

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde tabşyrylan tabşyryklardan ugur alnyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde «Söhbetdeşlik» geçirildi. Onuň barşynda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde öňde goýlan wezipeler we «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan edilýändigi dogrusynda hem-de ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244