Türkmen sungatyna dünýä aşyk
2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 19-na Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň Parlamentara assambleýasynyň syýasy meseleleri we halkara hyzmatdaşlygy boýunça hemişelik komissiýasynyň mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ajaýyp sungat eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden ajaýyp eseri hem sergä gelen myhmanlarda has-da täsir galdyrdy. Halypanyň ýerine ýetiren eserinde türkmen zenanlarynyň öz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan milli el işleri bolup, öz owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan nagyşlar hem ajaýyp sungaty wasp edýär.