Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergi

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň milli gymmatlyklary we baý taryhy bu gün şekillendiriş sungatynyň üsti bilen has-da aýdyň beýan tapýar. Halypa suratkeşleriň muzeý gaznalarynda aýawly saklanyp gelinýän nusgawy eserleri halkymyza gadymy köklerimizi ýatladyp, ýaş nesle göreldä öwrülýär. Häzirki wagtda taryhymyzyň şol gymmatly sahypalary bilen ýakyndan tanyşmak we çuňňur öwrenmek maksady bilen ýörite sergiler guralýar. Türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, ýaşaýyş-durmuşyny Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň döredijiliginde hem aýdyň görmek mümkin. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň ýatlama sergisi gurnaldy.

Türkmen şekillendiriş sungatynda gazanan üstünlikleri üçin ol 1984-nji ýylda Türkmenistanyň Halk suratkeşi adyna eýe bolýar. Suratkeşiň döreden nusgawy eserleriň aglaba bölegi Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýar.
Ýakup Annanurowyň döredijiligi bütin bir halkyň taryhyny, döwürdeşleriniň keşbini we baý ruhy dünýäsini özünde jemleýär. Şeýle ägirtleriň mirasyna sarpa goýmak, olaryň döredijiligini öwrenmek türkmen şekillendiriş sungatynyň geljekde hem rowaçlanmagyna uly mekdep bolup, ýaş nesli watansöýüjilik, milli buýsanç we sungata söýgi ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Ussat suratkeşiň çuňňur manyly eserleri ýaşlara taryhymyza aýawly çemeleşmegi öwredip, milli şekillendiriş sungatymyzyň geljekde hem rowaçlanmagyna tüýs ýürekden hyzmat edýän uly ömür mekdebine öwrülýär.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244