Talyp ýaşlaryň gezelenji

Şu gün Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Olar muzeýde saklanylýan gymmatlyklar bilen içgin tanyşdylar, şeýle-de olary gyzyklandyrýan eserler barada muzeý hünärmenleri tarapyndan düşündirişli gezelenç gurnaldy. Bu hem ýurdumyzda ýaşlara okamaga, bilim almaga we döretmäge milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşmaga uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Talyp ýaşlar döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244