Söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni mirasyny gorap saklamak, ylmy esasda çuňňur öwrenmek we seljermek, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu gün medeni ojak hasaplanýan, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Miras» teleýaýlymy tarapyndan söhbetdeşlik ýazgy edildi. Muzeý hünärmenleri türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhy, muzeý gymmatlyklary, taryhy ýadygärlikler dogrusynda çykyş etdiler. Her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Her bir millet öz milli ruhy-medeni gymmatlyklary bilen öňe çykýar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşmagy başaran halkdyr. Halkymyzyň medeniýetini, sungatyny düýpli öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!

Paýlaş

26/11/2026

Söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244