Şöhratly Oguzlaryň Watany bolan Türkmenistan Diýarymyzda dünýä medeniýetiniň çeperçilik genji-hazynasyna, dünýä halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryna, olaryň medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýulýar. Munuň şeýledigine ýurduň iri ylmy we medeni-aň bilim edaralarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň alyp barýan işinde has aýdyň ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň ýygyndysy 1925-nji ýylda Aşgabatda Ülkäni öwreniş muzeýiniň açylmagy bilen baglaşynyklydyr. 1927-nji ýylda rus suratkeşi akademik A.Karelin muzeýe özüniň nakgaş, grafika, heýkel we amaly-haşam sungaty eserleriniň ýygyndysyny peşgeş berýär. Şol eserleriň esasynda Aşgabadyň Ülkäni öwreniş muzeýinde çeperçilik bölümi açylýar. Soň-soňlar çeperçilik bölüminiň üsti Moskwanyň we Sankt-Peterburgyň muzeýleriniň gaznahanalaryndan, Döwlet Tretýakow galereýasyndan, Döwlet Rus muzeýinden, Çeperçilik akademiýasynyň muzeýinden, şeýle-de SSSR-iň beýleki şäherleriniň muzeýlerinden gelen sungat eserleri bilen doldurylýar.
1939-njy ýylda çeperçilik bölüminiň ýygyndysynyň sanynyň köpelmegi we ilatyň arasynda abraýynyň artmagy netijesinde aýratyn Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi sungaty muzeýidöredilýär. 1998-nji ýylda Aşgabatşäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Milli muzeýiň gurluşygy tamamlanýar. Şol muzeýe taryh, etnografiýa we şekillendiriş sungaty birleşdirilýär.
2004-nji ýylda Aşgabadyň merkezinde şekillendiriş sungaty muzeýi üçin täze binanyň gurluşygyna başlanyldy. 2005-nji ýylyň fewral aýynyň 17-sine täze binanyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Täze muzeý gysga wagtyň içinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda meşhurlyk gazandy.
Bina üç gatdan we ýerzeminden ybaratdyr. Ýokarky iki gatda 11 sergi zaly ýerleşip, olaryň 9-sy muzeýiň hemişelik ekspozisiýasydyr. Muzeýiň ilkinji zaly “Garaşsyz Türkmenistan” diýip atlandyrylýar. Onda türkmen şekillendiriş sungatynyň kerwenbaşylary Y.Gylyjowyň, A.Hajyýewiň, Ý.Adamowanyň, şeýle-de döwürdeşlerimiz S.Meredowyň, Ý.Baýramowyň, B.Owganowyň, heýkeltaraş S.Babaýewiň we beýleki ussat suratkeşleriň eserleri görkezilýär.
Ekspozisiýany S.Meredowyň “Ak bugdaý”atly eseri açýar. Suratkeş “Ak bugdaý” atly eserinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryny suratlandyrýar. Açyk we asuda asmanyň astynda öwsün atyp ösüp oturan bugdaý meýdany parahatçylygyň, asudalygyň we ylalaşygyň gülläp ösýän ýaş döwletimizi alamatlandyrýar. Eseriň birinji meýilnamasynda şekillendirilen ýaş ýigidiň sudury döwletimiziň ýaşlygyny alamatlandyrsa, 1904-nji ýylda ýylda amerikaly arheolog Rafael Pampeliý tarapyndan 7000 ýyllyk medeniýet ojagy bolan Gadymy Änew şäherinden tapylan ak bugdaý däne däneli iki küýzäniň şekili ýurdumyzyň baý taryhynygörkezýär.Bu arheologiki tapyndy gadymy ilatly ýerleriň ilatynyň adamzat taryhynda ilkinji gezek bugdaý we arpa ösdürip ýetişdirendiginiň, ak undan çörek bişirip başlandygynyň subutnamasydyr. Diýmek, biz Türkmenistany ak bugdaýyň watany diýip buýsanç bilen aýdyp bileris.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Ý.Baýramow serkerdeleriň, şahyrlaryň, sazandalaryň ýatdan çykmajak we täsirli ajaýyp keşplerini döredijidir. Suratkeş portret žanrynda örän ünsli we synçy nazary bilen tapawutlanýar. Muzeýiň ekspozisiýasynda suratkeşiň “Oguz han” atly eseri görkezilýär. Eseriň merkezinde türkmenleriň baştutany – Oguz han türkmen öz ogullary bilen şekillendirilendir. Onuň elinde gündogara we günbatara seredip duran iki başly bürgüt bar. Tagtynyň üstüne atylan gadymy Pazyryk halysy ýerleşdirilen. Türkmenleriň agzybirliginiň we sarsmazlygynyň nyşany hökmünde esere ýaýyň we oklaryň girizilmegi tötänden däldir. Suratkeş tagtyň iki gyrasynda Oguzhanyň oňonlaryny altyn möjegi we altyn öküziň heýkellerini jikme-jikligi bilen görkezýär. Eserde görkezilen Oguzhanyň bakyşy hökümli, şol bir wagtyň özünde-de asuda. Suratkeş eserinde reňk sazlaşygynyň esasynda sary, gyzyl, gök, altyn reňkleri köp ulanýar.
B.Owganow monumentalist suratkeşdir. Onuň döredijiliginiň esasyny taryhy döredijiliginiň esasyny taryhy žanr düzýär. “TogrulbegTürkmeniň Bagdatda dabaraly garşylanyşy” atly eserinde suratkeş 1055-1056-njy ýyllarda Seljuklaryň soltany Togrul begiň öz egindeşleri bilen ak atyň üstünde şähere girişiniň dabaraly pursadyny görkezýär. Şeýle-de ol begenip, şatlanyp duran müňlerçe adamly mähelläni beýan edýär. Sebäbi seljuklylaryň ýeňilen tarapyň adamlaryny gula öwürmeýändikleri hem-de olaryň emläklerine degmeýändikleri barada gürrüň bütin ýer ýüzüne ýaýrapdyr. Şonuň üçin olar goragçylar hökmünde garşylanypdyr. Şol döwürler seljukly hökümdarlary parahatçylyk söýüjiligi bilen tapawutlanypdyrlar. Türkmenleriň agalyk eden döwründe yslam dünýäsi ykdysadyýetiň, medeniýetiň we ylmyň iň ýokary ösüşini başdan geçiripdir. Şäheriň häkimleri soltana Gurhan bilen gylyjy sowgat edip, ony ýeňiji diýip ykrar edýärler. Bu eserde adamlaryň ýüz-keşbi hem-de öz döwrüniň lybaslary jikme-jiklikleri bilen ussatlarça görkezilýär.
I.Işangulyýew iň oňat eserleriniň biri bolan “Türkmeniň buýsanjy — Ýanardag” atly eserini 2005-nji ýylda muzeýiň açylyş gününe sowgat edýär. Eserde görkezilen atyň altynsöw reňki oňa, göýä, altyn çaýylan ýaly duýgyny oýarýar. Suratkeş türkmen bedew atyna mahsus dik duruşy, seýkin basyşy, ýyndamlygy, bedeniniň inçeligi ussatlyk bilen kendiriň ýüzüne geçirip bilipdir. Eseriň iki — içki we daşky çarçuwa esasynda çekilip, haly önümi bolan “gapylyk” bilen gurşalyp alynmagy çeperçilik taýdan oňat çözgüt bolupdyr. Halkymyzyň beýikligini, buýsanjyny alamatlandyrýan Ýanardagyň Türkmenistanyň Döwlet gerbine-de keşbiniň siňmegi tötänden däldir.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň “Halyçylar”, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň “Türkmeniň ajaýyplyklaryny döredijiler” atly eserleri halkymyzyň gadymy halyçylyk sungatynyň ene-mamalarymyzdan nesilden-nesile geçirilýändigini alamatlandyrýar.
XVIII-XIX asyrlar türkmen poeziýasynyň ýokary ösüş döwri hasaplanýar. Bu döwürlerde türkmen topragynyň görnükli şahyrlary — Magtymguly, Mätäji, Kemine, Seýdi täsirli goşgularyny döredipdirler. Olar öz goşgularynda ene topraklaryny wasp edip, bitewi döwlet bolmagy arzuw edipdirler. Häzirki wagtda olaryň arzuwlarynyň hasyl bolan döwründe — Türkmenistanyň Garaşsyz, Bitarap döwletinde bu goşgular halkymyzyň durmuşynda belentden ýaňlanýar.
I.Gylyjow “Mätäji” atly eserinde köpsanly dessanlaryň ýazyjysy, öz Watanynyň tebigy ajaýyplyklaryny, gyzlaryň gözelligini, ýigitleriň mertligini belentden wasp eden liriki şahyry Mätäjiniň keşbini çeperçilik taýdan özboluşly ýüze çykarýar. Şahyryň eli kagyzly, başyny göge dikip duran sudury al-ýaşyl reňkli bişen nar agajynyň öňünde ýerleşdirilipdir. Sebäbi ol adaty durmuşyň, tebigatyň gözelligini duýmagy başaran şahyr bolupdyr. Y.Gylyjowyň bu eseri durulygy we çeperçilik taýdan aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýerliginiň düz ýerine ýetirilmegi tomaşaçylaryň ünsüniň şahyra gönükdirilmegine ýardam berýär. Gyzylymtyl goňur we sarymtyl ýaşyl reňkler bilen çekilen surat şahyryň çuňňur liriki häsiýetini açyp görkezýär. Bu bolsa nakgaşçylygyň inçe tilsimleri bilen şahyryň içki dünýäsiniň ahwalyny aýdyň berýär. Aýratynam, Mätäjiniň içgin we ünsli alyslara bakyp duran keşbi has-da täsirli görkezilipdir.
A.Hajyýewiň “Magtymguly” atly nusgawy eseri onuň talyplyk ýyllarynda, ýagny kanoniki portretiň bäsleşiginiň yglan edilen ýylynda ýazylypdyr. 1947-nji ýylda bu bäsleşikde ýeňiş gazanyp, ol nakgaşçylykda ussat suratkeşleriň hatarynda öz ornuny tapýar. Akyldaryň agras gözlerinden onuň Watanyň geljegi baradaky pikirlerini, berk ynamyny görmek bolýar. Şol bir wagtyň özünde daş-töwereginiň ýönekeýligi bilen şahyryň sadalygyny suratkeş ussatlyk bilen görkezipdir. Eseriň reňk äheňi gyzylymtyl goňur reňkleriň sazlaşygynda ýerine ýetirilmegi bilen şahyryň ünslüligini we pikirleriniň çuňlugyny ýüzünde duýmaga mümkinçilik berýär.
Ý.Adamowanyň “Täze aýdym” atly eseri serginiň merkezinde ýerleşdirilen. Meşhur sazandalaryň toparlaýyn suratynda Nurjemal Adyýewanyň, Pürli Saryýewiň we Mylla Täçmyradowyň döredijilik gözlegleri bilen täze aýdymy döredýän pursatlary beýan edilýär. Bagşy aýal dutarda täze durmuş, türkmen aýal-gyzlarynyň ýagty geljegi barada aýdym aýdýar. Onuň ýanynda dutarçylar Pürli Saryýew, Mylly Täçmyradow we gyjakçy ussat Ata Abliýew bar. Eseriň ikinji meýilnamasynda kompozitor Aşyr Kulyýew, pianinoda Gözel Kulyýewa gyzyklanma bilen bagşylary diňleýärler. Suratkeş jaýyň içki görnüşini, egin-eşikleri ussatlyk bilen jikme-jik görkezmegi başarypdyr.
Ý.Annanurowyň “Kemine” atly eseri şahyryň häsiýetini we keşbini dolulygyna açyp görkezýär. Kemine agyr durmuşda ýaşapdyr. Onuň goşgulary adamlaryň ýaranjaňlygy, gysgançlyklary, kemçilikleri barada bolupdyr. Satirik adalatsyzlyga göz ýummandyr. Suratkeş akyldar, ynsanperwer şahyryň diňe daşky keşbini däl, eýsem, onuň içki dünýäsini hem görkezmäge synanyşypdyr. Satiriki şahyryň kanoniki portretindäki ýüz we daşky keşbini Ý.Annanurow halka ýakyn görnüşinde ýerine ýetiripdir.
Ý.Baýramowyň “Seýdi” atly eseri serkerde şahyryň kanoniki portretidir. 70-nji ýyllarda portret žanrynyň ýerine ýetiriliş usuly üýtgeýär. Şeýlelikde şekillerde lirika duýulýar, reňkleriň sazlaşykly öwüşgini artýar, keşpleriň takyklygyna üns berilýär. Bu portreti döretmekde suratkeş hiç-hili kynçylyk çekmeýär. Sebäbi ol ýaşlyk ýyllaryny şahyryň dogduk mekany bolan Lebap welaýatynda geçirýär. Ý.Baýramow çagalykdan şahyryň terjimehaly we döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolupdyr. Ärsary taýpasynyň ýaşululary bilen maslahatlaşyp, suratkeş onuň psihologiki, fiziologiki we biologiki keşbini döredýär. Suratkeş portreti ýazanda ärsary tiresiniň adamlarynyň häsiýetini, endiklerini, geýnişlerini, ýüz keşplerini ýakyndan öwrenip, olaryň ruhy dünýäsini, esasan-da, şahyryň geýiminiň üsti bilen görkezýär. Şahyryň ýüz keşbinde görkezilen her bir ýygyrtlar, eşigindäki epinler, onuň adamkärçiligini, ynsanperwerligini, parasatlylygyny, gaýduwsyzlygyny, mertligini, şol bir wagtda ejirini, gynanjyny we rehimliligini beýan edýär.
Bu eserleriň ählisi türkmen halkynyň şekillendiriş sungatynyň aýratynlygyny we gymmatlylygyny açyp görkezmek bilen muzeýe gelýän myhmanlarda halkymyzyň milli aýratynlyklaryny duýmaga ýardam berýär.