Gadymy sungaty zaly
Türkmen sungatynyň kökleri gadymyýetiň jümmüşine uzap gidýär. Türkmenistanyň çäklerinde gadymy adamlar mesgen tutan düşelgelerinde ýüze çykan we biri-birini çalşan taýpalar we halkyýetler bu ýerlerde ekerançylyk, maldarçylyk we söwda bilen meşgullanan döwletleri hem-de medeni merkezleri döredipdir. Türkmen topragynyň her ädimi barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde şol döwürleriň maddy gymmatlyklaryna we sungatyna degişli maglumatlar bize aýan boldy. Olaryň köpüsi adamzat ýaşaýşynyň we medeniýetiniň ösüş taryhyny öwrenmekde dünýä ýaň saldy. Bu ýerlerde tapylan sungat eserleriniň köpüsi dünýä medeniýetiniň taryhynda özüne mynasyp orun tapdy.
Ýurduň çeperçilik mirasy Türkmenistanda uly hormata eýedir. Döwlet köpsanly taryhy medeniýet we sungat ýadygärliklerini goraýar. Olar gaýtadan dikeldilip, sanawy ýöredilip, toplumlara ýazylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gadymy sungata degişli eserleri geçen döwürleriň belent çeperçilik mirasyny beýan edýär. Gazna birlikleriniň köpüsi muzeý ekspozisiýasynyň göz-guwanjydyr, olar köpsanly tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Muzeýde bar bolan Aşgabatdan 240 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Ýylgynly depe düşelgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde arheolog N.Solowýowa tarapyndan üsti açylan gadymy ussalaryň eserler toplumy täze daş döwri (“neolit” — biziň eýýamymyzdan öňki IX müňýyllyk) hakynda köp maglumatlary özünde jemleýär. Ýylgynly depedäki ekerançylyk düşelgesi 14 ga meýdany tutup, ol ýerde 2000-e golaý adam ýaşapdyr. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde, şol ýerde uly öý ybadathanasyna degişli grafitto usulynda ýerine ýetirilen diwaryň üsti açylýar.
Muzeý işgärleriniň dikeldiş işlerini geçirmeginiň netijesinde, häzirki wagtda diwar suratlarynyň esasynda şol döwrüň medeniýeti we sungaty ýokary ösüşde bolandygyny, hem-de şol döwrüň adamlarynyň dünýäni çeperçilik taýdan kabul edendikleri barada düşünje almak bolýar. Şeýle-de şol ýerden tapylan misden ýasalan bezeg şaýlary, külalçylyk eserleri, toýundan ýasalan haýwan heýkeljikleri ýaly tapyndylary we olaryň bir bölegi muzeýiň hemişelik ekspozisiýasyna gowşuryldy. Şol tapyndylar senetçiligiň ösendigi barada habar berýär.
Gündeki ulanylýan durmuş esbaplary, dini heýkeljikler we gaplar, diwar şekilleri we dürli bezegler ata-babalarymyzyň ýaşaýşyny we gündeki durmuşyny, olaryň dünýägaraýşyny, dini ygtykatlaryny we medeniýetini beýan edýär. Umumylykda Ýylgynly depede tapylan tapyndylar Merkezi-Aziýa sebitlerinde ýaşap geçen adamlaryň eneoilit döwürdäki ýaşaýşyny açyp görkezýär. Altyn depede (b.e.ö. 5-2 müň.) geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan, toýundan ýasalan zenan keşbindäki hasyllylyk hudaýynyň heýkeljigi 3-2 müňýyllyklara degişlidir. Şuňa meňzeş heýkeljikler Günorta Türkmenistanyň dag etek zolaklarynda şol döwürlerde ösen kiçi heýkel sungatynyň ýokary derejelidigini subut edýär.
Professor W. Sarianidi 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň çäklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Gadymy döwürlerde Murgap derýasynyň deltasynda (häzirki Mary welaýatynyň çäginde) ýerleşen Marguşyň (b.e.ö. III müň. ahyry) açylmagy dünýä doldy. Arheologlar ol ýerde bürünç zamanasynyň gadymy ussalarynyň ýasan önümleriniň köpüsini tapdylar. Tapylan medeniýet we durmuş esbaplary seljermek bilen W.Sarianidi Marguş döwletiniň gadymy adamzat siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolandygy baradaky çaklamany öňe sürýär. Gadymy Marguş ussalarynyň eserlerinden muzeýimiziň toplumynda ýokary derejede ýerine ýetirilen kämil külalçylyk we metal önümler hem ýerleşdirilendir.
Panno hökmünde ganatly ýolbars şekilli grifonlar mozaika görnüşinde muzeýimiziň ýygyndysynyň ajaýyp eserleriniň biridir. Gadymyýetiň ussady bu eserini alebastryň guýulan bölejiklerinden döredipdir, suratyň suduryny bolsa gara reňk bilen bezäpdir. Toslanan jandarlaryň boýny bilen garny gyzyl reňkli boýag bilen reňklenipdir. Şunuň ýaly ak, gara we gyzyl reňkleriň kömegi bilen näbelli suratkeş tutluşyp duran jandarlaryň ýokary towusmagynyň öň ýanyndaky pursadyny ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Marguş ýurdundan tapylan şol mozaika eseriniň Wawilondaky meşhur Iştar derwezesindäki haşamly pannodan müň ýyla golaý öň döredilendigini aýratyn bellemek gerek.
Gadymy sungaty bölüminiň ýygyndysynda bar bolan köpsanly özboluşly eserler Marguş ýurdunyň ussalarynyň öndüren durmuş we dini zerurlykly önümleriniň çeperçilik we tehnika taýdan kämil ösendigini görkezýär. Onuň şeýledigine mozaika bilen haşamlanan gapyrjaklar, kosmetika müşk-anwarlary, monjuklar, jandarlaryň şekilindäki nepis bürünç iňňebagjyklar subut edýär.
Ýüzi baktriýalylaryň düýesiniň şekili çekilen ajaýyp kümüş gap çekilen ajaýyp kümüş gap hatda biziň döwürlerimiziň tomaşaçylaryny hem özüniň jandarlary şekillendirmekde hakykatçyllyk ýörelgeleri bilen haýran galdyrýar. Özboluşly tehniki we çeperçilik ussatlygy bilen ýerine ýetirilen köpsanly metal möhürleriň bezeginde hem haýwan şekiljikleri agdyklyk edýär.
Marguş ýurdunyň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň dünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen, onuň bütindünýäde ähmiýeti has-da artdy.
Gadymy sungatyň iň ýatda galyjy sahypalarynyň biri hem antik döwrüniň beýik nesilşalygy, III asyrlardan biziň eýýamymyza çenli döwran süren Parfiýanyň çeperçilik medeniýetidir. Parfiýa nesilşalygy asyrlaryň dowamynda Gadymy Rim döwletine aýgytly bäsdeşlik edip gelipdir.
Parfiýanyň iň meşhur ýadygärlikleriniň biri Köne Nusaý şäheridir. Arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Parfiýanyň paýtagty Nusaýda köpsanly ybadathana we köşk ýadygärliklerinden tapylan meşhur bulgurlaryň üsti açylýar. Parfiýanyň sungatynda Gündogaryň we Günbataryň utgaşmasyny görmek bolýar. Antiki döwrüne degişli Gresiýanyň we Rimiň çeperçilik däplerini ulanan parfiýalylar sungatyny baýlaşdyrmak bilen deňsiz-taýsyz ajaýyp eserleri döretmegi başarypdyrlar. Nusaý ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem şonuň netijesidir.
Muzeý toplumynda Köne Nusaýdan tapylan freskanyň bir bölegi saklanylýar, onuň ýüzünde atlylaryň söweşip duran pursady şekillendirilipdir. Adamlaryň we atlaryň şekilleri dogruçyl çekilipdir. Eseriň taslama gurluşy hereketleriň badyny ynandyryjylykly beýan edýär. Parfiýa sungatynyň şol merjen dänesini üç ýylyň dowamynda Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet dikeldiş YBI-da ilkibaşdaky keşbine getirdiler.
Şeýle-de muzeýde Nusaý köşkleriniň we ybadathanalarynyň bina bezegleriniň köpsanly bölekleri ýerleşýär. Olar geometrik ýa-da ösümlik şekilli nagyşlar bilen bezelip, oýulan (relief) güberçek görnüşinde hem-de gyzyl ýa-da ýaşyl reňkler bilen boýaland.
Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Turin uniwersitetiniň topary tarapyndan arheolog K.Lipolissiň ýolbaşçylygynda “Gyzyl bina” diýlip atlandyrylýan jaýda tapylan gorelýefiň ýüzünde hakyky ululygynda şekillendirilen bürgüdiň şekili ussatlarça ýerine ýetirilipdir. Heýkel taslamasy palçykdan ýasalyp, boýaglar bilen nagyşlanypdyr. Heýkeliň ýiten böleklerini muzeýiň dikeldijileri gaýtadan suratlandyrdylar. Warşawa uniwersitetiniň professory B.Kammyň ýolbaşçylygynda türkmen-polşa topary Saragt etrabyndaky Meleheýran düşelgesinde birnäçe ýyl bäri gazuw-agtaryş işlerini geçirýär. Topar biziň eýýamymyzyň III-VII asyrlaryna degişli bolan gips (metopalary) tapyp aldy. Şol bezegler Orta Aziýanyň çäginde diwar bezegini ussatlarça ýonulyp ýasalan ýeke-täk önümlerdir.
Sasanylar döwründe gips metopalaryndan düzülen paneller otparazçylyk ybadathanasynyň içini bezäpdir. Sasany patyşalarynyň keşpleri şekillendirilen plaketkalaryň taslamasy özboluşlylygy bilen haýran galdyrýar. Meleheýran düşelgesinden tapylan esbaplaryň üstüni pil süňkünden ýasalan, ýüzüne-de guşlar şekillendirilen gymmatbahaly önümler ýetirýär.
Türkmenistanyň orta asyrlar taryhy döwrüne degişli muzeý toplumlarynda Köneürgenjiň (XII-XIV asyrlar) bina ýadygärlikleriniň bezeg bölekleriniň üsti bilen görmek bolýar. Şol döwürleri taryhy öwrenijiler ýüzýyllyklaryň dowamynda Köneürgenjiň ussalarynyň täsiri yslam dünýäsiniň sungatyna özboluşly bolup, binagärçilik mekdebini döredendigini belleýärler.
Köneürgenjiň ýadygärlikleri hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Timurlylar döwrüniň sungaty hakynda biz Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň çeperçilik haşamyndan ugur alyp, belli bir düşünjä gelip bileris. Metjidi 1456-njy ýylda Änewde ýaşap öten Seýit Jemaleddiniň ogly Muhammet, kakasynyň hatyrasyny tutup gurdurypdyr. 500 ýyla golaý wagtyň dowamynda metjit owadan mozaikaly peştagy bilen görenleri, öten-geçenleri haýran galdyrypdyr. Gynansak-da, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde metjit weýran bolýar. Emma XIX asyrlarda XX asyryň birinji ýarymynda şu ýerlere gelip gören syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň suratlary, şeýle-de köpsanly külalçylyk bölekleri orta asyrlaryň binagärleriniň we senetçileriniň ussatlygyndan habar berýär. Özboluşly böleklerini ulanmak bilen Seýit Jemaleddin metjidiniň mozaikaly peştagy hakyky ululygynda dikeldilip, muzeýiň gadymy sungat zalynda öz ornuny tapdy. Peştagyň ýüzünde gülläp oturan alma agajynyň şahalarynyň şekilini ulanmak bilen biri-birine bakyp duran aždarhalaryň şekili berlipdir. Şol görnüş musulman sungatynda duş gelenok. Alymlaryň köpüsiniň çaklamasyna görä, şol usullaryň kökleri baryp yslam zamanasyndan öňki döwürlere uzap gidýär we gadymy hasyllylyk däpleri bilen baglydyr.
Muzeýiň gadymy sungat ýygyndysy hut soňky wagtlarda — Täze Galkynyşlar zamanasynda has-da baýlaşýar. Russiýanyň, Italiýanyň, Polşanyň alymlary bilen bilelikde türkmen alymlary Türkmenistanyň çägindäki belli taryhy ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler, täze düşelgeleri, şäherleri we medeniýetleri açýarlar. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan sungat eserleri türkmen halkynyň gadymy, taryhyny, medeniýetini, sungatyny hut gözüň bilen görmäge mümkinçilik döredýär. Türkmen halky öz şöhratly taryhyna hem-de sungatyna buýsanýar.
Türkmen sungatynyň taryhy ýadygärliklerinde, heýkellerinde, uly göwrümli diwar bezeglerinde, külalçylygynda, halylarynda we zergärçiliginde ýerine ýetirilen özboluşly we gaýtalanmajak eserleri bütindünýä taryhyna uly goşant goşdy. Türkmenistanyň gadymy medeni mirasy häzirki zaman amaly-haşam sungatynda, nakgaşçylykda, heýkeltaraşlykda we binagärçilikde täzeçe öwüşginler bilen şöhratly ömrüni dowam edýär.