Türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji ussatlary

Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň gaznalaryny doldurmaklyk muzeý işiniň esasy wezipeleriniň biridir. Şonuň üçin bu sany boýunça iň köp we mazmun taýdan iň doly we dürlidir. 
Türkmen şekillendiriş sungatynyň, hususan-da, nakgaşçylyk sungatynyň ýokary galmagy suratkeş B.Nuralynyň (1900-1965) döredijiligi bilen baglydyr. 1920-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan Gündogar sungatynyň Zarpçy mekdebiniň zehinli okuwçysy bolmak bilen, ol halk sungatyn  ilkinji suratkeşidirOnuň ilkinji mugallymlary A.Wladyçuk we R.Mazeldir. R.Mazeliň “Erkek kişiniň keşbi” (1920) diýen uly bolmadyk eserinden, şeýle-de mekdep okuwçysy S.Beglýarowyň “Bedewleriň Gyzyl Goşuna sowgat berilmegi”, “Aşgabat-Moskwa at çapyşygy”, “Bagşy” we beýleki eserlerinden döredijilik pikirlerini duýmak bolýar. Umuman, rus sungatynyň XIX asyryň ikinji ýarymyndaky däplerini dowam etdiripdir, şuňa laýyklykda ol hem öz ussatlarynyň ugruny eýerip, öz döredijiliginde dünýäni sada we şahyrana görnüşde şekillendiripdir. Onuň tematiki eserlerine keşpleriň dabaralylygy mahsusdyr, bu bolsa, olaryň şekillerini erkanadan belentligi görkezipdir. Onuň 1923-nji ýylda döreden “Gurban baýramy” atly eseri munuň mysalydyr. Bezegli birlikdäki tekiz görnüşindäki taslama gurluşy gadymy gündogar ýazgylarynyň mysalynda ýerine ýetirilip, haly nagyşlarynyň äheňinde jäheklenipdir. Köpsanly keşpleriň içinde suratkeşiň döreden zenan şekilleri aýratyn orun eýeleýär. “Türkmen gyzy” (1937) diýen eserine çuňňur şahyranalyk we sypaýylyk mahsusdyr. Taslamada pugta örülen saçlarynyň ýumşaklygyny, kümüşden ýasalan milli şaý-sepleriň tutuksy ýalpyldysyny, gyzyl köýnegiň owadanlygyny suratkeş uly söýgi hem mähir bilen şekillendiripdir. Nakgaşlyk usullarynyň üsti bilen gyzlaryň ruhy dünýäsini görkezmegi başarypdyr. 
Moskwanyň Döwlet Gündogar halklarynyň sungaty muzeýinde B.Nuralynyň birnäçe eserleri saklanylýar. Emma onuň döreden eserleriniň köpüsi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanasynda ýerleşdirilendir. 
Türkmen nakgaşçylygynyň ösüşine uly goşant goşan suratkeşleriň biri-de O.Mizgirýowa (1909-1995). Onuň döredijiliginde şekillendiriş sungatynda milli akymy tapmak ýörelgeleri aýdyň görünýär. Suratkeşiň halk döredijiliginiň ugruny ulanyp döreden “Jöwza”, “Baýyň dördünji aýaly”, “Türkmen gyzjagazlary” diýen eserleri tassyklaýar. 
XX asyryň 30-njy ýyllarynda türkmen şekillendiriş sungaty täze many-mazmuna eýe bolýar, suratkeşleriň döredijilik işjeňligi, ussatlygy artýar. Beýle ýagdaýyň özi ýerli tematika boýunça işlemäge we türkmen suratkeşlerine döredijilik kömegini bermäge Türkmenistana rus suratkeşleriň yzygiderli gelip durmagy netijesinde bolup geçýär. Olardan M.Sarýany, W.Wýalowy, N.Terpsihorowy, ýagny 40-njy ýyllarda gelen P.Korolýowy, S.Dudnigi, P.Radimowy we beýlekileri görkezmek bolar. Olaryň Türkmenistanda döreden eserleri muzeý toplumlarynda öz mynasyp ornuny tapýar.
1934-nji ýylda Ş.Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebiniň açylmagy türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly itergi berýär. Biziň günlerimize çenli çeperçilik mekdebi türkmen döredijilik intelligensiýasyny terbiýeläp ýetişdirýän bilim ojaklarynyň biri bolup hyzmat edýär.
1933-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesi döredilýär. Soňra ol 1937-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine öwrülýär. Umumylykda bularyň hemmesi 30-njy ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly täsirini ýetiren suratkeşleriň işjeň topary döredilýär.
Çeperçilik mekdebiniň işi bilen ajaýyp nakgaşlar Ý.Daneşwaryň we I.Çerinkonyň atlary berk baglydyr. Olaryň döredijilik we mugallymçylyk ýoly türkmen nakgaşçylygynda düýpli dogruçyllyk eserleriň döremegine, şekillendiriş sungatynyň ösüş ugurlaryny kesgitlän milli hünärmenleriň uly toparynyň döredilmegine ýardam beripdir. Muzeýiň ekspozisiýasynda Ý.Daneşwaryň “Keşde çekýän” (1947), “Fronta, ata Watan üçin!” (1947) we I.Çerinkonyň “Ýigitler” (1946) atly eserleri türkmen nakgaşçylygynyň altyn hazynasyna girizildi.
50-nji ýyllarda  Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ösüş tapgyrynda, Moskwanyň, Leningradyň we Daşkendiň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan suratkeşler gaýdyp gelýärler.
Y.Gylyjowyň döredijiligi şol döwrüň nakgaşçylygynyň, türkmen şekillendiriş sungatynyň iň bir öwüşginli sahypalarynyň birine gabat gelýär. Köp sanly eserlerinde suratkeş hakyky halkyň durmuşy hakyndaky dessanyny uly çeperçilik güýji we täsirliligi bilen beýan edipdir. “Oňat durmuş ugrunda” (1957) atly eserinde ol özüni çylşyrymly köp döredijilik wezipeleri çözmäge, epiki mazmunly eserleri döretmäge ukyply ussat hökmünde tanadýar. Eseriň esasynda esgerleriň dogan-garyndaşlary bilen hoşlaşýan pursadyny suratlandyrypdyr. Dünýä sungaty üçin adaty bolan bu ýoly suratkeş milli esasda döretmek bilen, durmuşdaky hakykatçyl keşpleri şekillendirýär. Eserleriň häzirki zaman täsirli plastikasyny agtarmak bilen, Y.Gylyjow halk döredijiliginiň gözbaşlaryna ýüzlenýär, çeperçilik bilen umumylaşdyrmanyň täze usullaryny agtarýar. Onuň döreden eserleriniň täsirliligi Türkmenistanyň pajarlap ösýän şekillendiriş sungatynyň hakykatyny açyp görkezmegindedir.
50-nji ýyllarda zehinli nakgaşlar A.Hajyýew, A.Kuliýew, N.Dowodow, Ý.Annanurow, Ý.Adamowa, A.Amangeldiýew we beýlekiler işjeň döredijilik bilen meşgul bolan suratkeşlerdir.  Olaryň her biriniň döredijiligi, aýratyn sungaty öwrenijilik işine mynasypdyr, olaryň hersi Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna uly goşant goşdular. Döredijilik ugurlary boýunça suratkeşler eserleriň üsti bilen halkyň durmuşyny çeperçilikli döredilen keşplerde beýan edip, öz adamsöýüjilikli pikirlerini hakykatçyl we çynlakaý ýetirmegi başarypdyrlar. 
Sowet sungatynyň ösüşiniň umumy ýörelgeleri, onuň täzelenmeginiň möwjeýän tolkunlary türkmen sungatynda hem öz beýanyny tapdy. 60-njy ýyllarda “maýylganlyk döwri” diýilýän döwürlerde resmi “sosialistik realizm” ugruna bileräk ugur  “gazaply ugur” peýda bolýar. Ilkinji nobatda,  şol ugur tematikanyň çalşylmagy nobatda,  şol ugur tematikanyň çalşylmagy  aşa dabaraly kompozisiýalardan gündelik durmuşy suratlandyrmaga geçmekden, şeýle-de eserleriň plastiki dilini üýtgetmekde, ýagny şekili çekilýän esbaby sada, umumylaşdyrylan, plakat görnüşlerinde beýan etmekde  ýüze çykýar. Suratkeşler häzirki zamanda bolup geçýän wakalara has çuňdan seretmäge, halkyň gündelik durmuşynyň şekillerini täzeçe açmaga çalyşýarlar. Şunuň ýaly ýörelgeler türkmen suratkeşleriniň täze nesli tarapyndan kabul edilýär. 
1971-nji ýylda Moskwa şäherinde açylan “Türkmen topragynda” atly sergi şol döwrüň uly medeni wakasy bolýar. Sergide şol döwrüň ýaş nakgaşçylary Ş.Akmuhammedowyň, Ç.Amangeldiýewiň, S.Babikowyň, D.Baýramowyň, G.Begmyradowyň, M.Mämmedowyň we heýkeltaraş J.Jumadurdynyň eserleri bilen tomaşaçylar tanyşdylar. 
Sergi türkmen şekillendiriş sungatynda bolup geçýän hil taýdan täze galkynyşy ýüze çykarýar. Hut şol sergiden soň sungaty öwrenijilik edebiýatynda şekillendiriş sungatynyň “türkmen mekdebiniň” emele gelendigi hakynda gürrüňler başlanýar. Muzeý toplumlarynda şol döwürlerde ussatlyk bilen işlän suratkeşleriň eserleri hem ýerleşýär. Olardan Ý.Baýramowyň, W.Pawloskiniň, B.Owganowyň, A.Almämmedowyň, A.Kiçigulyýewiň we beýlekileriň eserlerini agzamak bolar.
Nakgaşçylyk bilen deň hatarda türkmen heýkeltaraşlyk sungaty hem aýaga galyp, ösüşi dowam etdirýär. Muzeý toplumlarynyň heýkel bölümi A.Şetininiň, N.Ataýewiň, B.Annamyradowyň, S.Babaýewiň eserleri bilen tanalýar. Grafika bölümi hem eserlere baýdyr. Olar: P.Znamenşikowyň, A.Kinýakiniň, H.Atakgaýewiň, I.Ilýiniň we beýleki suratkeşleriň eserleridir.
Türkmenistanda teatryň görlüp-eşdilmedik ösüşi bilen suratkeşleriň köpüsi teatr sahnasy üçin egin-başlary we sahnalary bezemek boýunça işleri ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen ýurtda medeniýet we sungat täze belentliklere galýar. Suratkeşleriň soňky döwürlerde döreden eserlerinde dünýä täzeçe garamak, tehniki usullaryň köpdürliligi ýaly usullar peýda bolýar. Ol eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz Diýaryň gözel tebigatynyň, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ýaşaýjylarynyň gündeki zähmetiniň waspy ýetirilýär.  
Häzirki zaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniň üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar tejribesinden peýdalanýarlar. Beýle ýagdaý bolsa ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär.            

Paýlaş

Garaşsyzlyk zaly

Türkmen şekillendiriş sungatynyň, hususan-da, nakgaşçylyk sungatynyň ýokary galmagy [...]

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244