Rus halklarynyň eserleri

Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda döredilen eserlerdir. Rus jemgyýetiniň başyny başlan Pýotr I rus sungatyna hem özüniň uly täsirini ýetiripdir. Özgerişler Russiýa döwlet ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we sungatynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Russiýa hökümetiniň agzalarynyň, ylym we medeniýet wekilleriniň keşplerini Peterburg şäheriniň köşklerinde we ýadygärliklerinde çekmek meselesinde suratkeşleriň ünsüni çekýär. Netije-de, nakgaşçylaryň täze nesli, buýurma portret žanryny ýüze çykarýar. Muzeýde ýerleşýän eserler Günbatar Ýewropa sungatynyň saýlama nusgawy eserleri bilen bir hatarda hasaplanylýar. F.Rokotow, D.Lewiski we W.Borowikowski öňdebaryjy suratkeşler  hökmünde hasaplanypdyrlar. F.Rokotowyň (1735(6)–1808(9) döreden “Ýekaterinanyň keşbi” (1779) keşpleýin häsiýetnamasynyň ruhy baýlygy bilen özüne çekýär. F.Rokotow şahsyýeti şekillendirmekde pynhan çuňlaşma we ruhy çylşyrymlaşdyrma usullaryna ýykgyn edipdir..Psiholog hem ussat suratkeş D.Lewiskiý (1732-1822) “Anna Dawia Bernussiniň keşbi” (1782) atly eserinde italiýaly aktrisanyň keşbiniň hakykylygyny ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Muzeýimizde ýerleşýän suratkeşiň Döwlet Tretýakow galereýasyndaky portret eseriniň awtory tarapyndan göçürilen nusgasydyr. Muzeý ýygyndylarynda W.Borowikowskiý (1757-1825) döredijiligine mahsus bolan işleriniň  biri “Aleksandr we Konstantin Pawlowiçler çagalyk döwründe” (1780) atly eseri bolýar. Suratkeş sentimental ugruň iň oňat wekili bolupdyr. Keşpleýin eserlerinde, suratkeş, ýerligini owadan tebigat görnüşleri bilen bezäp, tomaşaçyny tebigata hasam ýakynlaşdyrýar. 
1741-nji ýylda Germaniýadan gelen suratkeş Georg Hristow Grot Russiýada 9 ýyla golaý ýaşapdyr we rus sungatynyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ýelizaweta Petrownanyň köşk suratkeşi bolmak bilen, ol birnäçe gezek patyşa maşgalasynyň agzalarynyň keşplerini döredipdir.  Şol portretler bolsa awtoryň hut özüniň gözegçiliginde birnäçe nusgasy döredilipdir. Onuň “Ýekaterina Alekseýewnanyň eli ýelpewaçly” atly eseri şol mysal getirilýän işleriň biridir. 
XVIII asyryň ahyrlarynda ýaşap geçen suratkeş S.Şukin (1762-1828) öz döwründe XIX asyryň täze romantika-hakykatçyllyk nakgaşçylygynyň öňdebaryjysy hökmünde tanalypdyr. Pawel I örboýuna çekilen keşbi suratkeşe şöhrat getiripdir. Şol eseri üçin ol hormatly akademik adyna eýe bolupdyr. Muzeýimizdäki S.Şukiniň goly goýlan “Pawel I keşbi” (1796) atly eseri Pawlowyň köşgündäki muzeýde, şeýle-de Ermitažda bar bolan portretler bilen birmeňzeşdir. 
Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň zehinli mugallymy G.Ugrýumow (1764-1823) taryhy wakalary suratlandyrýan, nakgaşçylygyň görnükli wekilidir. Ol ilkinjileriň biri bolup, milli rus taryhyna ýüzlenýär. Muzeýimizde şol suratkeşiň “Kazanyň basylyp alynmagy” atly eseriniň taslamasynyň üsti bilen tanyşdyrylýar. Bu eser Sankt-Peterburgdaky Mihaýlowskiniň öýi üçin çekilipdir. 
XIX asyryň başynda rus nakgaşlygynda romantizm äheňleri ösüp başlaýar. Rus sungatynyň bu döwri bilen muzeý toplumyndaky O.Kiprenskiniň (1782-1836) “Oglanjygyň keşbi” (1832), şeýle-de K.Brýullowyň (1799-1852) “Italiýa säheri” (1832), “Pal atmak” (1830) we “Zenan keşbi” (1822-1834) eserleriniň üsti bilen tanşyp bolýar. 
Suratkeşleriň “Göçme sergileriň raýdaşlygyna” birleşen döwrüniň, ýagny XIX asyryň ikinji ýarymynyň XX asyryň başynda rus sungatynyň ösüşini muzeý ýygyndysynyň dürli eserleri mysalynda giňden görkezmäge mümkinçilik döretdi. Ýokarda agzalan birleşme rus milli sungatynyň ösmegine, tankydy realizm akymynyň ýüze çykmagyna getirdi. Muzeýimize gelýän tomaşaçylar şu akymyň görnükli wekilleri W.Perowyň “Moskwanyň golaýyndaky Mytişşide çaý içişlik” (1860), N.Geniň “Pýotr I Petergofda Alekseý Petrowiçi sorag edýär” (1871) atly eserleri, şeýle-de A.Sawrasowyň meşhur “Garasarlar uçup geldi” (1889) atly eseriniň awtorçylyk nusgasy bilen ýakyndan tanşyp bilýärler. I.Repin (1874-1930) özüniň “Gaýdamak” (1902) atly uly eserini rus sungatynyň tankydy realizm akymynyň wekiline mahsus erkin usulda ýazypdyr. Eserde joş urýan Dnepr derýasynyň kenaryndaky harsaň daşyň üstünde oturan gyzyl başlykly zaporožly erkek kişini şekillendirilipdir. 
Nakgaş W.Serow (1865-1911) I.Repiniň zehinli şägirtleriniň biri bolup, nakgaşçylygyň köptaraplaýyn täze dörediji, portretçi, jemgyýetiň dürli wekilleriniň ruhy dünýäsini wagyz ediji suratkeş hökmünde hasaplanylýar. Onuň uly bolmadyk “Lwowanyň keşbi” (1893) atly eseri muzeý ýygyndysynyň göz-guwanjy bolup durýar. W.Serowyň öz eserlerinde ulanan nakgaşçylyk tärleri reňkleriniň durulygy we çuňlugy, utgaşykly äheňleriň dürlüligi we üýtgeýjiligi, bezegliligi bilen tomaşaçyny özüne çekýär. 
I.Şişkin rus tebigatynyň möwç urýan güýçleriniň aýdymçysy hasaplanylýar. Hakykatdan-da tebigaty şekillendirijileriň hiç biri rus tokaýynyň gözelligini we äpetligini onuň ýaly ynandyryjy görkezip bilmeýärdiler. Suratkeşiň “Peýzaž” (1897)  atly eserinde berýozalaryň we sosnalaryň arasyndaky agaçdan ýasalan pessejik jaý şekillendirilipdir. 
Suratkeşleriň arasynda I.Lewitan (1861-1900) rus tebigatynyň gözelligini öz eserlerinde wasp edipdir. Awtor tebigaty jansyz bir şekil hökmünde däl-de, dem alýan, tolgunyp hem gaýgylanyp bilýän janly ýaşaýyş hökmünde görkezýär. “Ýaşajyk nahallar” (1884) peýzažynda düzlügiň kä ýerinde gögerip oturan  berýozalar bilen goýy ýaşyl arçajyklar şekillendirilipdir. Şonuň ýaly şekiller I.Lewitanyň döredijiligine häsiýetlidir. Şeýle-de peýzaž nakgaşçylygy XIX asyryň birinji ýarymynda döredijilige girişen we asyryň ikinji ýarymynda ussatlyk bilen işlän I.Aýwazowskiniň (1817-1900) we A.Kuinjiniň (1842-1910) eserlerinde hem esasy orun eýeleýär.
I.Aýwazowskiniň döredijiliginiň “Deňiz görnüşleri” (1898) we “Tupan” (1897) atly eserlerinde hakykatçyl taraplaryny görmek bolýar. “Goýunlar baýyrlykda” atly eseri deňiz peýzažlaryny çeken suratkeşiň döredijiligindäki üýtgeşiklik diýseňem boljak. Eserde I.Aýwazowskiý ýaşyp barýan güni, otlaşyp ýören goýun sürüsini romantiki taýdan suratlandyryp bilipdir. Peýzažçy A.Kuinji hem eserlerinde tebigatyň adaty däl, aýratyn bir halatyny köp şekillendiripdir. “Daşgyn” (1901), “Gar örten dag gerişleri” (1899), “Gyş” (1898) atly eserleriň üýtgeşik reňkleri, şeýle-de şekillendirilýän esbaplary ýagtylandyrmagyň adaty bolmadyk tärleri tomaşaçyda uly täsir galdyrýar. 
Rus nakgaşçylygynyň impressionizm akymynyň wekili hökmünde K.Korowini (1861-1939) belläp geçmek bolar.
“Arabaçylar” (1916) peýzažy suratkeşiň özboluşly zehinine, häsiýetine we hakyky gatnaşyga laýyk gelýän eserleriň biridir. Dogrusyny aýtsaň,  K.Korowiniň eserleri we etýudlary hemişe şatlyk we täze duýgulary görkezýär. Nakgaş üçin peýzažda, ilkinji nobatda, tebigat bilen adamyň arasyndaky baglanyşygy çeperçilik taýdan öwrenmek zerur bolup durýar.
N.Rerihiň (1874-1947) eserleri  stanok  işlere däl-de haşamly pannolara çalym edýär. Sebäbi olar kähalatlarda ýiti, güýçli, yssy reňkli, kähalatlarda dartgynly hem doýgun reňkler bilen garylyp-gat kähalatlarda dartgynly hem doýgun reňkler bilen garylyp-gatylyşýar. Onuň “Asman oklary, zemin naýzalary” (1915) atly epiki eseri  gyzyl reňkde howsalaly ýagdaýda ýerine  ýetirilipdir. Hakykatda eseri taryhy žanra degişli diýip hasaplasaň bolýar: eseriň ýordumy rus halkynyň gadymy gahrymançylykly taryhy sahypalaryna bagyşlanypdyr. 
Sowetler döwründe rus sungaty çylşyrymly, kynçylykly we gapma-garşylykly ýoly geçipdir. Esasan hem bu ýagdaý 20-nji ýyllarda, ýagny dürli döredijilik toparlarynyň we ugurlarynyň arasynda bolup geçen göreşler has hem aýdyň ýüze çykýar. 30-njy ýyllardan 70-nji ýyllara çenli sungatda ýörgünlileriň biri sowet sungatynda ýeke-täk bolan sosialistik realizm ugrudyr. 
XX asyryň 20-nji ýyllarynyň sungaty muzeý ýygyndylarynda K.Petrow-Wodkiniň (1878-1939) “Uklap ýatan çaga” (1924) we futurist suratkeş D.D.Burlýugyň “Peýzaž” (1920) atly eserleriniň üsti bilen görkezilendir. Şol döwrüň suratkeşi R.Falk (1886-1958) eserlerinde tötänlikleri aradan aýryp, esasy meselä ünsüni çekýär. Ol ýagtylygyň üsti bilen howaýy duýgularyny beýan etmegi başarypdyr. Onuň “Zagorsk. Gyraw” (1950) atly eseri gülgüne reňkiň dürsypat nepis äheňlerinde ýerine ýetirilipdir, beýle etmek bilen suratkeş aýazly howany herekete getiripdir. 
Sowet sungatynyň 30-njy, 60-njy ýyllaryna degişli muzeý ýygyndysynda ussat suratkeşler A.Deýnekanyň (1899-1969), P.Kotowyň (1889-1953), N.M.Romadiniň (1903-1980), Ý.Pimenowyň (1903-1977), A.Laktionowyň (1910-1972) we beýleki suratkeşleriň eserleri hem ýerleşýär. Nakgaş P.Konçalowskiniň (1876-1957) döreden “Sirenli sebet” (1938) atly ajaýyp eserini aýratyn bellemek gerekdir. Eser özüniň nakgaşçylyk taýdan sünnälenip işlenenligi bilen tomaşaçyny haýran galdyrýar. Hut şonuň üçin-de “Siren” eseri baky ýaşaýşyň nyşany hökmünde onuň şahyrana keşbiniň senasy bolup kabul edilýär.
Muzeý ýygyndylarynda XVIII-XIX asyrlarda Russiýada ýaşan we döreden daşary ýurtly suratkeşleriň, şeýle-de rus suratkeşleriniň ýerine ýetiren miniatýura eserleri hem ýerleşdirilendir. Şekillendiriş sungatynyň şol ugrunda rus sungatynda işlän ýokarda agzalan döwürlerdäki garaýyşlary we çeperçilik ugurlary açyp görkezmek bolýar. 
Şol döwrüň rus heýkeltaraşlyk sungaty bilen I.N.Şrederiň (1835-1908), R.R.Bahyň (1859-1933), N.Ýe.Swerçkowyň (1817-1898) we beýlekileriň eserleriniň mysalynda tanyşmak bolýar. 
Muzeýimizde Popowyň, doganlar Kornilowlaryň, Kuznesowyň we beýlekileriň rus senagat önümçiligine degişli zawodlarda we fabriklerde öndürilen farfor önümlerinden düzülen baý ýygyndylar  saklanylýar. Şol ugurda ýerine ýetirilen önümleriň arasynda Leningradyň Lomonosow adyndaky farfor kärhanasynda öndürilen sowetler döwrüniň farfor toplumlary aýratyn orun eýeleýär.




































Paýlaş

Garaşsyzlyk zaly

Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda [...]

Gadymy sungaty zaly

Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda [...]

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244