Ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygarly ýylynda, toýlar-toýlara ulaşýar. Bu toý-baýramçylygyň dabarasy tutuş Diýarymyzy şatlyk-şowhun bilen gurşap aldy.Ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýy paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni uly şatlyk şowhun bilen baýramçylyk dabarasy bellenilip geçilýär. Ak mermerli Aşgabat şäherimizi synlanyňda mähriban halkymyzyň myhmansöýerliginden başlap, paýtagtymyzyň seýilgähleriniň ajaýyplyklaryna, giň hem arassa owadan, köçelerimiziň, ýanýodalarymyzyň gözelliklerine goýýan hormatyny buýsanjyny artdyrýar. Ýylsaýyn artýan ak binalar, köşkler paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Binalary Ginnessiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan ak şäherimiz Aşgabadyň güni mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde „Ak şäherim Aşgabat“ atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi. Sergide Ýarly Baýramowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, Natalýa Kaluginanyň, Orazguly Kasymowyň, Şemşat Babaýewanyň, Rahym Annanurowyň eserleri ýerleşdirildi. Nurana eýýamymyzyň röwşen geljegine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Prezidentimizi, mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni bilen gyzgyn gutlaýarys, gutlmak bilen, olaryň janlary sag, başlary dik tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Ýerine ýetiren:
Ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri
Guljaýewa Güljeren