Göçme sergi guraldy

2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşigine dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu abraýly intellektual bäsleşik dünýäniň dürli künjeklerinden gelen zehinli ýaşlary we geljekki diplomatlary bir meýdança jemledi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan nakgaşçylyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerini özünde jemleýän ajaýyp sergi guraldy. Bu sergi ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy.

Paýlaş

14/05/2026

Hasabat sergisi

Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi Aşgabat şäheriniň

Salgymyz:

A.Nowaýy (2022) 88, Aşgabat, Turkmenistan





Telefon belgiler:
(12) 927169/927244