Garaşsyzlyk sergi bölümi
Muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde Garaşsyzlyk zamanasynda türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri hem-de biziň halypa suratkeşlerimiziň döreden eserlerinden Garaşsyzlygymyzy arzuw eden nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri bilen jemlenýär. Bu ýerde görnükli taryhy şahsyýetleriň keşplerini, gadymy türkmen halkynyň durmuşyndaky has möhüm wakalary şöhlelendirýän ajaýyp eserler bar. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň Türkmenistanyň suratkeşleri biziň şu günlerimizi doly we hemme taraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden-täze mümkinçilikleriniň işjeň gözlegini alyp barýarlar. Muzeýiň birinji gatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda uly döredijilik ýoluny geçen suratkeşler halkyň ajaýyp dünýäsini, ata Watanymyzyň ösüşlerini beýan edýän eserleri görkezilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň “Milli gymmatlyklary döredijiler” atly üç eserden ybarat toplumy, “Bahar”, “Magtymguly”, Y.Gylyjowyň „Mätäji“, Ý. Adamowanyň „Täze aýdym“, Ý.Annanurowyň „Mämmetweli Keminäniň“ potreti, “Türkmen klassyk şahyry Seýdiniň portretinde” portreti, Ýarly Baýramowyň “Oguz han türkmen”, atly dekoratiw şekilde ýerine ýetiren eseri, Babageldi Owganowyň “Muhammet Togrulbeg türkmeniň Bagdatda dabaraly garşylanyşy” Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri S.Meredowyň “Ak bugdaý” atly eserleri sergilenen.