Dürli halklaryň şekillendiriş sungaty sergi bölümi
Gündogar halklarynyň sungatyna degişli muzeý toplumynda ýerleşen Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyñ, Eýranyň we Türkiýäniň eserlerini görmek bolýar. Köp asyrlyk ösüşiniň dowamynda, şol ýurtlaryň halklary ajaýyp nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserlerini döredipdirler. Gündogar ýurtlarynyň medeniýetiniň ösüşinde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm orny bardyr. Şu ýagdaýyň özi Gündogar halklarynyň sungatyndaky meňzeşliklerini we olaryň arasyndaky jebis baglanyşyklaryny hem-de her biriniň göz-görtele tapawutlandyryjy milli aýratynlyklaryny düşündirýär. Hytaý nakgaşçylygyna degişli sungat eserleri özboluşly, bolup olar ýönekeý külterlenen kagyzdan dikligine ýa-da keseligine dolanyp, adatça, tuş, guaş we suwly boýaglar bilen ýerine ýetirilendir. Hytaý suratkeşleri şekillendirýän esbaplarynda ýagtylyk-kölege usullaryny ulanmandyrlar. Olar uzakda ýerleşen görnüşleri bir tekizlikde ýerleşdirmän, şekilleri göwrüm bilen giňişligiň ähmiýetine gabat getirip taslama gurluşyny düzüpdirler. Beýan edijilik žanrdaky nusga hökmünde suratkeş Žun Týanyň “Alymlaryň geňeşi” atly eserini görmek bolar. Bir oýna gümra bolup oturan ýa-da dynç alýan alymlaryň şol bir wagtda dünýäniň gurluşynyň syrly ýollary hakynda oýlanyp oturan pursatlaryna meňzeýär. Suratkeş Si Baý Şiniň döredijiliginde Hytaýyň gözel tebigatyna bolan söýgüsi öz beýanyny tapdy. Ol nakgaşçylygyň “Gohua” usulynda işläp, adamyň gündeki durmuşynyň aladalaryny suratyň üsti bilen görkezipdir. Suratkeş hytaý nakgaşlygynda adaty, göräýmäge hiç hili özüne çekijiligi bolmadyk zatlaryň üsti bilen adam gözelligini we ýagty şatlygy görkezmegi başaran ilkinji suratkeşleriň biridir. Iri-iri tegmilleriň kömegi bilen tebigat görnüşleriniň, gülleriň, guşlaryň hem haýwanlaryň ýatda galyjy şekillerini döredipdir. Si Baý Şiniň eserlerinde adam şekilleriniň ýokdugyna garamazdan, onuň döredijiliginde adamsöýüjilik häsiýeti duýulýar. Onuň eserleriniň köpüsinde duş gelýän haşamly ýazgylar degişmelere we adamyň häsiýetine ýugrulandyr. “Pişik” diýen eserinde suratkeş ýönekeý nakgaşçylyk tilsiminiñ üsti bilen haýwanyň sypatyny berip bilipdir, bu bolsa öz gezeginde onuň şol eserine üýtgeşik özboluşlylygy görkezýär. Hytaý şekillendiriş sungatynyň iň ýörgünli hem ýaýran görnüşleriniň biri hem “Nýanhau”, bu eserlerde täze ýyl baýramçylygyna degişli wakalar suratlandyrylandyr. Durmuşy sahnajyklaryň üsti bilen täze ýyl arzuwlary hem-de has şatlykly we baýramçylyk günleri şekillendirilipdir. Muzeýiň ýygyndysynda gabat gelýän hytaý “nýanhualary” nakgaşçylyk sungatyna häsiýetlidir: şekiller açyk reňkler we reňk utgaşyklygy bilen düşnükli hem ýönekeý bezelipdir. Olardan başga-da, muzeýiň toplumlarynda “kanitel”, “sýusýu”, “pinsýu” we tekizligiň ýüzünde ýerine ýetirilen, keşdelenen eserler görkezilýär. Zergärçilik eserlerinden syrçalar bilen berklenen önümler aýratyn tapawutlanýar. Güldanlar, tabaklar tebigatda ösýän we ösümlikleriň görnüşlerinden hem-de şekiljikleriň nagyşsyz dürli taslamalary bilen bezelipdir. Silin atly fantastik haýwanyň şekilinde ýerine ýetirilen çilimdan, bürünç materialyndan ýasalypdyr. Çilimdanyň içinde hoşboý ysly çöpleri tütetmeklik baryp daos däplerinden gözbaş alýan dessurdyr. Şunuň ýaly çilimdanlar köplenç hytaý ybadathanalarynda goýulýar. Meşhur hytaý farfory özüniň çeperçilik ähmiýeti we tehniki häsiýetleri bilen dünýä kulalçylyk sungatyna düýpli goşant goşan senetdir. Gadym döwürlerden bäri kulalçylyk eserleri reňkli syrça bilen goýy gök reňkden gara reňke çenli, gyzyldan al reňke çenli haşamlanypdyr. “Alma reňkli” seladon syrçasy reňkiniň öwüşginleri bilen meşhurlyk gazanypdyr. Muzeýiň hemişelik sergi zalynda öz ornuny tapan “Altynsöw pion” toplumy şol hatara degişlidir. Farforyň ýüzüne surat çekmek sungaty belent ussatlyk hasaplanýar. Dürli reňkdäki suratlary hytaý nakgaşçylary köplenç ýaşyl ýa-da gülgüne boýaglary bilen döredipdirler, olar önümleri “ýaşyl maşgala” ýa-da “gülgüne maşgala” diýip atlandyrypdyrlar. Muzeýiň ýygyndysynda ak ýa-da pil süňküniň reňkindäki farfor öndürilýän Funsýan etrabynyň belli Deýhua farfor ussahanasynyň önümleri hem ýerleşdirlendir. Hytaýyň pil süňkünden ýonulyp ýasalan önümleri ýerine ýetiriliş usullarynyň özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda maşgalany alamatlandyrýan, piliň gyýagyndan ýasalan gündeki sahnalary şekillendirýän heýkel taslamasy hem muzeýiň ekspozisiýasynda ýerleşýär. Muzeý ekspozisiýasynda Ýaponiýanyň sungatyndan reňkli grawýuranyň kiçiräk toplumyny görmek bolýar. Bu eserlerde anyk ýüze çykýan, kä ýerlerinde bolsa inçelip, ýitip gidýän ýaly, çeper täsirliligi uly orun eýeleýär. Reňkler köplenç çyzyklaryň kömegi bilen döredilýär, keşpleriň ruhy ýagdaýyny güýçlendirýän owaz ýaly bolup eşidilýär. “Iki zenan”, “Agajyň astyndaky zenan”, “Zenanyň keşbi” atly grawýuralarda suratkeş gahrymanlarynyň ruhubelentligini erkin geçirilen çyzyklaryň kömegi bilen beýan edýär. Ýapon kulalçylyk senedine syrça reňkleriniň agraslygy we durulygy, şeýle-de haşamynyň ýönekeýden nepisligi mahsusdyr. Çaý demleme we ony içme däbi ýapon medeniýetiniň özboluşly pudagydyr. Çaý dabarasyna degişli esbaplary gödeňsi palçykdan ýasalypdyr. Ýaponlylar önümleriň ýönekeýligine aýratyn üns beripdirler. Muzeý toplumynda çaý dabarasyna degişli esbaplaryndan: gaýnag suw üçin gap, çaý käsesi, tabajyklar, hoşboý ysly otlar üçin gapyrjak we başga-da birnäçe esbaplary görmek bolýar. Kiçi göwrümli heýkeller ýapon sungatynyň özboluşly pudagydyr. Kinniwanja heýkeller tebigy materialyň kämil göwrümlere geçmegine, sazlaşykly keşpleriň döremegine ýokary medeniýetini aňladýar. Ýapon heýkeltaraşlygynyň “neske” atlandyrylýan kinniwanja heýkeljik leriň özboluşly häsiýeti bar. Muzeýimizde şol ugurdan işlenilip asyl nusgalardan ýasalan gutujyk ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Süňkden ýasalan esbap iňňän ýylmanyp işlenipdir. Önümiň haşamy tutuşlygyna keşp häsiýetleriniň çeperçilik taýdan çözülişine, gutujygyň üst ýüzündäki şekilleriň dürliligine gönükdirilendir. Hindistanyň gadymy we ajaýyp sungaty hem önümleriň ýerine ýetiriliş ýokary tehnikasy hem-de ýasalyş usuly muzeýiň toplumyndaky pil süňkünden ýasalan zergärçilik önümleri sadadan nepisligi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, toplumda zergärçiligiň dürli usullarynda ýasalan metal önümler hem ýerleşdirlendir.Hindistanda metal önümleri gadymy döwürlerden bäri işlenilip gelýär.Şol ýerde zenanlary we erkekleri, şeýle-de esgerleri şekillendirýän heýkeljikleriň dürli görnüşleri ýasalypdyr. Muzeýde bar bolan bürünçden, misden we latundan ýasalan heýkeljikler gadym döwürlerden biziň günlerimize çenli ýaşap gelýän dini we gündeki däp-dessurlara gulluk edýär Hindistan ýurduna dokmaçylyk senediniň watany hem diýilýär. Dürli ýyllara degişli muzeý ýygyndysyndaky hindi amaly-haşam sungatynyň önümlerinden matalar, sarylar, torbajyklar, örtükler, desterhanlar, guşaklar toplanandyr. Eýranyň ýüň halylary dünýäde meşhurlyk gazanan önümlerdir. Olaryň önümçiligi gadym döwürlerde ýüze çykýar. Eýran halylarynyň haşamlygyyny nagyş we ösümlik, şeýle-de haýwan şekilleri bezeýär. Muzeý toplumynda saklanylýan eýran halylarynyň reňk öwüşginleri olary dabaraly we kaşaň görkezýär.