Keremli türkmen topragymyzda külli adamzat nesliniň ösüşine itergi beren beýik alymlar, şahyrlar, ýaşap geçipdirler. Şol akyldarlaryň döreden taglymatlary, ruhy ahlak ýörelgeleri, adamzat pelsepesiniň we çeper aň medeniýetiniň ösmegine uly täsir etmek bilen nesillere miras galdyran ruhy hazynasy durmuşyň ähli pursatlarynda ýol görkeziji bolup gelýär.