Türkmenistanyň halk suratkeşi, heykeltaraş Welmyrat Jumaýewiň 70 ýyllygy, we Suratkeş Merdan Kakabaýewiň "Çaý Başyndaky dessanlar" atly döredijilik sergisi.
Keremli türkmen topragymyzda külli adamzat nesliniň ösüşine itergi beren beýik alymlar, şahyrlar, ýaşap geçipdirler. Şol akyldarlaryň döreden taglymatlary, ruhy ahlak ýörelgeleri, adamzat pelsepesiniň we çeper aň medeniýetiniň ösmegine uly täsir etmek bilen nesillere miras galdyran ruhy hazynasy durmuşyň ähli pursatlarynda ýol görkeziji bolup gelýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy suratkeş mugallym Merdan Kakabaýewiň şeýle-de Türkmenistanyň halk suratkeşi , heýkeltaraş Welmyrat Jumaýewiň şahsy döredijiliklerine degişli sergiler gurnaldy. Sergide Welmyrat Jumaýewiň döredijiliginden „Magtymguly“, „Harmanda“, „Döwürleriň duşuşygy“ , atly heýkel eserleri sergilendi. Merdan Kakabaýewiň döreden eserlerinden „Güýz“, „Gyş geldi obamyza“, „Ýüpek ýoly“ atly we beýleki birnäçe ajaýyp nakgaş eserleri sergilendi. Sergä gatnaşanlar döwletli-döwürde ýaşadýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.