Berkarar döwletiň beýik ösüşleriniň bady bilen öňe barýan türkmen halky “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ ýylynda, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly şekillendiriş sungaty muzeýinde dürli baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda sungat işgärleriniň şahsy sergileri, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ynha bu gün hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat türkmen teatr suratkeşi Bäşgeldi Garajaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän döredijilik sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, medeni gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi, özüniň oňyn netijesini berýär.