Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institudynda göçme sergi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, medeni gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi, özüniň oňyn netijesini berýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde medeniýeti we sungaty, edebiýaty ösdürmekde wagyz etmekde doganlyk halklary bu ugurlarda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda, uly işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pragy» ýylnyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institudynda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanalarynda saklanylýan sungat eserlerinden göçme sergi gurnaldy.Ajaýyp sergide, Ussat suratkeşlerden Ý.Annanurowyň «Baýrak gazanan» Ilýin Iwan Illarionowiç «Magtymguly »P.Muhammetgylyjowyň «Türkmen keçesi» A.Ataýewiň «Gopuzçy gyz» A.Taganowyň «Şarlawuk» J.Abdullaýewanyň «Toý semenesi» atly işleri sergilendi. Halypa mugallymlar, talyp ýaşlar döwletli döwranda ýaşamaga, okamaga döredip berýän giň mümkünçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.