Gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Sungat derejesine ýeten türkmen milli senetçiligini has-da dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-ne Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçylygynda “türkmen milli senetçiligini ösdürmegiňmeseleleri we dünýä tejribesi” atly sergi gurnaldy.