Gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr. Sungat derejesine ýeten türkmen milli senetçiligini has-da dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-ne Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçylygynda “Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi” atly sergi gurnaldy. Sergide türkmen milli däp-dessurlarynyň gönezligi bolan el-işlerini, alajalaryny, türkmen milli lybaslaryny, häzirki zaman keşdeçilik sungatynyňn ajaýyp eserlerini öý bezeglerinde ulanylýan türkmen nagyşlaryny synlamak bolar. Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni-mirasyny, gadymy gymmatlyklaryň, milli sungatyny giňden wagz etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdaymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!