Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen halkynyň durmuşynda tutuş bir döwri şekillendirdi. Akyldaryň baý döredijiliginde halkyň ruhy durmuşy, onuň çeperçilik gymmatlyklary bütin çuňlugy bilen beýan edilýär.