SUNGAT ESERLERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ORNY

Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri türkmen halkynyň durmuşynda tutuş bir döwri şekillendirdi. Akyldaryň baý döredijiliginde halkyň ruhy durmuşy, onuň çeperçilik gymmatlyklary bütin çuňlugy bilen beýan edilýär. Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Türkmen halkynyň baý we edebi mirasyny, edebiýatyny Magtymgulysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol diňe türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri bolman, eýsem dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň altyn hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Her setiri, akyla, nakyla öwrülip, şygyrlary bilen dünýäni agzybirlige çagyrýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň çar künjegini şatlyk şowhuna besleýär. Şeýle dabaraly çäreler Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem yzygiderli guralýar. Milli şekillendiriş sungatymyzyň ähli ugurlaryndan halypa suratkeşleriň dana şahyrymyzyň ölmez-ýitmez eserlerinden täsirlenip döreden sungat eserleriniň sergisi guralyp halkymyza ýetirilýär. Sergide halypa suratkeşleriň döreden ajaýyp sungat eserleri Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna, Watan mukaddesligine bolan hormaty Pyragynyň arzuwlan ajaýyp eýýamynda ýurdumyzyň ýeten beýik derejeleriniň waspy beýan edilýär. Döredilen eserleriň her biri tema aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Akyldar şahyryň köptaraplaýyn döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti, ahlak temasy, agzybirlik, abadançylyk temasy onuň dogduk obasynyň gözellikleri bilen baglanyşykly şygyrlary milli bagşyçylyk sungatymyzda aýratyn orun eýeleýär. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň uly ylmy işgäri.
Güljeren GULJAÝEWA,
Ozalky sahypa Indiki sahypa