Günbatar-Ýewropa halklarynyň şekillendiriş sungaty bölümi
Muzeýiň ýygyndysynda Günbatar Ýewropa sungatyna degişli Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Ispaniýa we Germaniýa ussatlaryň XIV-XIX asyrlardaky nakgaş, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir. XIV asyrda Ýewropa medeniýetinde orta asyr ýörelgelerinden dogruçyl çeperçilik oý-pikirlere baý çylşyrymly akym başlanýar. Dünýä taryhyna “Galkynyş zamanasy” diýen at bilen giren sungatyň ösüş ýolundaky täze tapgyr Italiýada has-da aýdyň ýüze çykýar. Şol wagtlar ol ýerde suratkeşler Leonardo da Winçi, Mikelanjelo we Rafael öz eserlerini döredipdirler. Galkynyş medeniýetiniň binýadyna adamsöýüjilik, adam mertebesini we gözelligini, aklyny we erkini, onuň döredijilik güýçlerini ykrar etmek üçin goýlupdyr. Adamyň erkana belentligi we sazlaşykly açyklygy, onuň duýgulary we tebigat bilen gatnaşyklary şol döwrüň suratkeşleriniň köpüsiniň döredijiligini kesgitläpdir. Muzeý toplumynda orta asyr sungatynda bolup geçen täze akymy häsiýetlendirýän eserler hem ýerleşýär. Fransiýanyň XVII asyra degişli eserlerinde bolsa barokko akymy duýulýar. Fransuz barokko akymynyň baştutany Simon Wue (1590-1649). Onuň şägirtleri hem bu ugurda işläpdirler. Bu ugruň esasy aýratynlyklary, bezegli göwrümleriň, hem-de kaşaň bezelen keşpleriň häsiýetini duýup bolýar. Fransuz sungatynyň deňsiz-taýsyz eserleriniň hatarynda Antuan Watto (1684-1721), Fransiýaly zenan suratkeş Mariýa Luiza Elizabet Wiže-Lebren (1755-1842) öz sungatynda klassisizm akymyny jemlemegi başarypdyr. Onuň eserleriniň gahrymanlary – esasanam zenanlary şadyýan, sada, mähirli, pikire batan ýa-da sypaýy we hereketli işewür keşplerinde janlandyrýar. Gollandiýaly suratkeşleriň eserlerinde ýurduň tebigat gözelligini, haýsy bir döwrüň adamlarynyň keşbini, olaryň oý-pikirlerini we duýgularyny suratlandyrypdyrlar. XVII asyryň golland suratkeşleriň kiçi göwrümli nakgaşçylyk eserlerini “kiçi gollandlar” diýip atlandyrypdyrlar. Şol döwrüň suratkeşleri atlaz matanyň ýalpyldysyny, limonyň dury reňkini, halynyň nepisligini, otagy ýagtaldyp duran günüň şöhlesini görkezmegi başarypdyrlar.