Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi.
Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda alabaý tohum itlerini ösdürip ýetişdirmek işi hem bar. Milli Liderimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygydyr, ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr» diýip, belläp geçýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde jemlenildi. Bäsleşige gatnaşanlar döredijilik ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge döretmäge we gurmaga giň ýollar açýan sungatymyzyň hak howandary Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.