Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy. Makala
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi.Munuň özi soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem-de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy. Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy.Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy.Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragyna goýýan sarpasyna esaslanyp,”2024-nji ýyly “Änew şäheri- türki halklarynyň medeni merkezi”diýip,yglan edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem-de ony ýaş nesillerimize miras goýmak babatynda edilen işleriň naýbaşysydyr.“Günbatarda irki zamanlarda “Ähli ýollar Rime eltýärler” diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly,orta asyr Gündogarynda hem “Ähli ýollar Merwe eltýärler diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl” Gurbanguly Berdimuhammedow Türkmenistanyň Prezidenti. “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir”. “Zeminiň buýsanjy”adyny alan Goňurdepe otparazlygyň mekany bolup,ol iň gadymy siwilizasiýalar bolan Assuriýa we Wawuilion,Mesepotamiýa medeniýetleri bilen bäsleşige girip bilen gadymy adamzat gymmatlyklaryny özünde saklaýan siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýä özüni ykrar etdirdi. Aňňat- aňňat gum depeleriniň üsti bilen uzak günorta ýa- da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler,şeýle- de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler. Äpet gumuň süýşýän çaglarynda, iň gadymy asyrlarda, adamlaryň tebigatdan gorkusy az bolmandyr. Şol sebäpli- de uzak- uzak kerwen ýollary gum aňňatlarnyň üsti bilen gidilende, ýagny söwda- satyk hem- de beýleki ugurlar bilen edilen gatnaşyklarda esasy ýol üçin suwlar göz öňüne tutulypdyr.Muny tassyklaýan subutnamalar: Adamzat gymmatlyklarynda ýer alan iň iri zerurlygyň suw bolmagy elbetde medeniýetleriň hem bir ara gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Suwuň gyrasyna dürli halklar, dürli medeniýetler, dürli ýaşaýyş şertlerine kybapdaş halklar ýerleşipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda bolsa, şol ýerde wagtyň geçmegi bilen assimirlenip, täze bir siwilizasiýany, täze bir medeniýeti emele getiripdirler.Ilkinji nobatda Mesopotamiýa iň iri suw kenarynda – ýagny iki derýanyň Tigr hem- de Ýewfrat derýalarynyň boýunda ýerleşmek bilen, suw gurluşygynyň iň iri ösen döwürlerini öz içine alýan Goňur şalygynyna kybapdaşdyr.Ol ýerde şumerler ýaşapdyrlar. Ikinjiden hem beýik siwilizasiýalaryň bir- biri bilen çakdanaşa ýygjam gatnaşyklarynyň bolandygyny gürrüňimiziň dowamynda Goňurdepeden tapylan Mesopotamiýa degişli bolan möhürleriň we beýleki tapyndylaryň mysallarynda hem düşündirmek, elbetde gadymy siwilizasiýalaryň, adamzat taryhy gatnaşyklarynyň bir- birek bilen özara baglanyşygynyň bolandygyny subut edýän tapyndylar esasy tapyndylar hem- de şol döwürde wajyp hasap- hesip ylmyny,ykdysadyýeti hem- de medeniýeti gülleden dostluklaryň bolandygyny hem subut edýän çaklamalar taryhçy alymlar tarapyndan subut edildi.Sebabi biz bu nagyşlaryň meňzeşligini beýleki siwilizasiýa merkezlerinden tapylan tapyndylarda hem görýäris. Suw adamlaryň durmuşynda iň esasy zatlaryň biri bolup,adamlar küýzeleredir, gap- gaçlara onuň şekilini geçiripdirler. Mesopotamiýa, Elem, Wawilioniýa, Merw,Goňurdepe, Altyndepe, Aşgabadyň paýtagtynda ýerleşýän Akdepeden tapylan tapyndylaryň içinde hem Mesopotamiýadan tapylan tapyndylardaky nagyşlaryň meňzeşligini subut edýän nyşanlardyr, şekiller sungatyň hem- de edebiýatyň, medeniýetleriň arabaglanyşygyň, taryhy nukdaýnazardan medeniýetler babatynda bir- birege meňzeşligimizi we özara medeni we dostlukly gatnaşyklarymyzyň bolandygyny subut edýär. Sarianidiň suratyWiktor Iwanowiç Sarianidiniň bellemegine görä: “Şol döwrüň medeniýetleriniň we sungatlarynyň arasynda berk baglanşyk bolmagy bilen tebigy betbagtçylyklara , ýagny suw basmasyna, gum çökmesine we deňizleriň- derýalaryň, ýüje suwlaryň ýokary göterilmegi bilen ýa- da gurakçylygyň emele gelmegi bilen adamlar bir- birine ýakyn bolandyklaryny subut edipdirler hem- de tebigy syrlary bilelikde açmak meselesinde bir jebisligiň usulyny gözläpdirler” diýen düşünje ýüze çykýar. Adamlaryň arasynda rowaýaty şekilleriň döremegi nesilleri mifiki garaýyşlar bilen terbiýelemek, ýagny göze görünmeýän güýçler bilen olarda tebigata bolan söýgini, Ene ýere bolan mukaddes duýgyny döretmäge edebiýatyň üsti bilen hem synanşylandygyny alamatlandyrýan edebi ýazuw ýadygärlikleriniň yzlary özleriniň bardygyny subut edipdir.Muňa mysal edip, dünýä edebiýatynda ilkinji uly göwrümli ,palçyga ýazylan dessan bolan “Gilgameş” dessanyny aýtmak bolar. Tigr hem- de Ýewfrat derýalarynyň kenasryndan tapylan, müňýyllyklaryň dowamynda nijeme taryhy çeşmeleri özünde saklan bu ýazgylar, ilkinji ýazuw medeniýetine görnetin eýe bolan şumerleriň yzlaryny kesgitleýär.“Gilgameş” dessanynda berilmegine görä, Ajdarha Humbaba tokaýda ýerleşip, ol adamlara gün bermändir we dessanyň baş gahrymany Gilgameş, onuň soňuna çykmaga gitmek üçin taýýarlanýarka, Enkidu atly ýabany ýigit tokaýda peýda bolýar we ol ýigit Gilgameş bilen ilki ajdarhany ýok etmäge girmäkä döwüşmeli bolýar. Dessanda Gilgameşiň batyrlyk görkezmegi bilen birlikde Enkidunyň ony ýeňmesi hem Humbaba tarap gidiljek ýolda has ynamly ýoldaş gazanmagyna sebäp bolýar.Owaly bilen- ä ýazuw ýadygärlikleriniň saklanmagynyň esasy sebäbi olaryň hakykatdan hem dini nukdaýnazarlara hem- de mifiki taglymata gulluk edýänligi bilen baglanyşyklydyr.Sebäbi olar mifiki garaýşy kemala getirip bilýän uly güýç bolmak bilen bilelikde biziň şu günki günümize gelip ýetipdirler. Mysal üçin “Gorkut ata” dessany. “Gorkut ata dessany asyrlardan syntgalanyp gelip, gündogar halklarynyň iň gymmatly edebi hazynasy bolmak bilen bir hatarda ol eser Mesopotamiýadan tapylan, ilkinji şadessan bolan “Gilgameş” dessanynyň şahalaryndan çeşme alýar,diýip, eebi çaklamalara hem salgylanmaga mümkinçilik bar. “Depegöz” şahasynda beýan edilýän Depegöziň häsiýeti bilen bagly, gözbaşyny Gilgameş dessanyndan alyp gaýdýan bu subutnamalar gündogaryň türki dilli halklarynyň nijemesinde gabat gelýär. ”Gilgameş” Şumer ýazgylarynda beýan edilşine görä, täsin bir dessan bolup, ol dünýäniň iň gadymy ýazuw gymmatlygydyr we megerem palçyga ýazylyp, guradylany sebäpli ol adamzada öz gymmatlygyny ýetiripdir.Munuň sebabi( Palçyga ýazylmagynyň sebäbi)Mesopotamiýa iki derýanyň, Ýewfrat we Tigr derýalarnyň arasynda ýerleşip, ol ýeri şumerleriň ýaşan ýerleridir we şol ýerde şykgy palçygy eýlenilip, şykgy sahypalaryň ýasalandygy bu günki gün iň gymmatly ýazuw ýadygärlikleriniň hatarynda dünýäniň iň gymmatly ýazuw hazynasy hökmünde bize aýandyr.Şol sahypalarda ýerleşdirlen batyrgaýlyk, şol sahyplarda ýerleşdirlen dost üçin , il üçin,parahatçylyk üçin jan bermek, şol sahyplarda ýerleşdirlen bakylyk otunyň gözlegi- bularyň barysy hem dünýä edebiýatyna, şol sanda Gorkut ata eposyna- da berk ornan rowaýatlardyr. Alym, professor Nazar Gullaýew bolsa,Mesopotamiýada ýaşan - Şumerleriň ata – babalarynyň biziň ata- babalarymyz bilen müňýyllyklaryň aňyrsynda berk baglanşygynyň bolandygyny öz ylmy çaklamalarynda öwran- öwran nygtaýar. Şumerleriň ata- babalary bilen Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşan ilatyň arasyndaky beýik gatnaşyk hakynda türkmen alymy Begmyrat Gereý şeýle ýazýar:“Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Köpet Dagynyň ýakasynda gözelligi bilen dünýä syýahatçylaryny haýran galdyryp oturan Seýitjemaletdin gonamçylygyny synlanyňda hem- de Änew düzlüklerine ýokardan göz ataňda,bu iki medeniýetiň,ýagny türkmenleriň hem-de şumerleriň baglary bilen galtaşýan iki zatda görýärin: Olaryň biri Änew sözüniň “Gilgameş” dessanyndaky “Anaw taňryçasy” bilen baglanşygydyr. “Gilgameş” dessanynda bu ganatly ýolbarsyň keşbidir we ol keşbiň türkmen topragyndaky ýadygärlikelrde we tapyndylarda barygyny aýdyp, gadymy siwilizasiaýalaryň arasyndaky baglanşygyň täsinligini ýüze çykarmakdyr. Mysal üçin hindi medeniýetinde , hytaý medeniýetinde şu güne çenli , hat- da häzirler hem täze ýyly bellemek üçin ganatly ajdarhanyň keşbini janlandyrmaklary şol keşbiň şu günki mifiki ynançlara degişlidiginden söz açýar.Altyndepe taryhy muzeýinde altyndan ýasalan öküz kellesi siwilizasiýalaryň ählisinde diýen ýaly gabat gelýär. “Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän Altyndepe taryhy ýadygärliginde hem ýüze çykarlan öküz kellesiniň bu medeniýetleriň ilkinji asyrlarda özara baglanyşygynyň bolandygyny subut edýän ýene- de bir taryhy çaklama” diýip, aýdyp bolar.“Zeminiň buýsanjy”adyny alan Goňurdepe otparazlygyň mekany bolup,ol iň gadymy siwilizasiýalar bolan Assiriýa we Wawuilion medeniýeti bilen bäsleşige girip bilen gadymy adamzat gymmatlyklaryny özünde saklaýan siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýä özüni ykrar etdirdi.Merwiň mümkinçiliklerini eýeleýän beýik medeniýeti bolan Goňurdepäniň taryhy elbetde gum süýşmeleri bilen baglanşyklydyr. Munuň özi tapgyrlaýyn adamlaryň bol suwly ýerlere Mesopotamiýa çenli süýşendiklerini hem subut edýän hadysadyr. Şol medeniýetleriň gum basan ýerlerinden pikir yzarlasaň, Marguşyň gujagyndan tapylan tapyndylaryň birinde geçi malynyň döredilen keşbinde gözýaşly çekilmegi adamlaryň şol döwürlerde agyr gum süýşüntgileriniň we derýanyň akymyny üýtgetmeginiň esasynda emele gelen gurakçylygy ýeňmek üçin Mesopotamiýa tarap süýşendiklerini subut edýän birnäçe taryhy çaklamalaryň bolandygyny görkezýär.We şol göçlerden öň hem Margiana şalygynyň Mesopotamiýa bilen berk baglanşygynyň bolandygyny subut edýän hadysalarydyr, tapyndylary öz içine alýar. “Geçiniň gözýaşy mes toprakly ýerde Murgap derýasynyň Ýer togalagynyň aýlanmagyna görä, akymyny üýtgetmegi bilen wagtyň geçmegi bilen adamlar bu şalygy taşlap, nirädir bir ýere, uzak günbatara tarap süýşüpdirler.Beýleki ugurlarda baglanyşygyň bolşy ýaly, medeniýetden, sungatdan, taryhy- arheologik baglanşyklardan başga- da siwilizasiýalaryň arasynda ykdysady baglanşygyň hem bolandygyny subut edýän materiallar gazuw- agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy.Taryhy ýadygärliklerden çak edilişine görä, Änew medeniýetiniň özboluşly taryhy gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolan şumerleriň ata- babalarynyň özara baglanşygy subut edýär.1992-nji ýylda geçirilen gazuw- agtaryş işleriniň netijesine görä, Marguşdan tapylan şykgy topjagazlar Goňurdepäniň diňe bir medeni merkez däl- de eýsem,ösen ykdysady merkez bolandygyny hem subut edýär. Şol ýerde tütjarlaryň düýeleri hakyna tutulyp,Mesopotamiýa,Hindistana, Elama ugradylypdyr.Ykdysady gatnaşygy tassyklaýan zatlaryň biri- de Goňurdepeden tapylan Mesopotamiýa degişli bolan möhürlerdir. Möhürleriň esasy ynanyşmak bir döwlet bilen beýleki döwletiň arasyndaky ykdysady, medeni hem- de beýleki gatnaşyklarda has jebis bolmagyny gazanmak üçin ulanylandygy hemmä mälim.Goňurdepeden tapylan Mesopotamiýanyň möhri bolsa, iki sany tütjar arasynda bir – birek bilen ynanyşmagyň şekili hökmünde janlanýar. Möhüri 1992 –nji ýylda Wiktor Iwanowiç Sariýanydy Goňurdepeden tapdyEýsem Goňurdepede Mesopotamiýanyň möhürleri näme işledikä? Diýmek tütjarlardyr, beýleki döwlet adamlary bu ýerde özlerine belki- de ykdysady mesele çözýän dükanlar açyp, beýleki gulluk edaralaryny hem guran bolmaklary mümkin diýen çaklama gelip çykýar. Beýik siwilizasiýalaryň gatnaşygynda elbetde medeniýetleriň roly uludyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Änew şäherçesiniň taryhyny öwrenmek bilen onuň gadymylygyna göz ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dünýäniň iň täze siwilizasiýon merkezine öwrüldi.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň
esasy hünärmeni Göwher Aşyrowa.