Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen-Fransuz arheologiýa ekspedisiýasynyň 30 ýyllyk arheologiki Ulugdepedäki işleriniň sergisi

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň şaýady bolan gadymy medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, olary düýpli öwrenmek hem-de abat ýagdaýda nesilleri ýetirmek boýunça Garaşsyz Türkmenistanda döwlet derejesinde yzygiderli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy ýadygärlikleri gorap saklamagyň, ylmy esasda öwrenmegiň we rejelemegiň düýpli hukuk binýady döredildi. Arheologiki ekspedisiýa türkmen hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleriniň alymlary-da işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça 1994-nji ýylda türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasy döredildi. Ekspedisiýa 1994-1998-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň çägindäki Dehistan taryhy sebitinde ýerleşýän Gökjikdepe arheologik ýadygärligi öwrenildi. 2001-nji ýyldan başlap bolsa bilelikdäki ylmy-barlag işleri Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginde alnyp barylýar. 2001-nji ýyldan bäri bu ýerde alnyp barylýan gazuw agtaryş işleriniň dowamynda Ulugdepeden maddy we ruhy medeniýetiň maglumatlaryny özünde jemleýän örän köp arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» medeniýetimizi, sungatymyzy, gadymy toprakdaky taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we sarpalamaga, olary geljekki nesillere ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň Hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys
Ozalky sahypa Indiki sahypa