Mukamlarda geçirilen dabara

Öz ýaşan döwrüni şygyrlarynyň üsti bilen beýan eden Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmez eserleri döreden öňdengörüji dana. Magtymgulynyň şygyrlary ýyllar geçdigiçe ýüreklere has ýakynlaşýar. Mukamlar köşgünde «Magtymguly Pyragynyň Golýazmalar Toplumynyň» ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň Hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli Şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden sergi gurnaldy. Sergide Rejepow Hezret, «Badhyz» M.Ataýewanyň «Ýaz» güldan, G.Nurlyýewyň «Änew metjidiniň toplumy», O.Kasymowyň «Tomus», A.Taganowyň «Köneürgenç» atly eserleri öz içine alýar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklarymyzy bildirýäris!
Ozalky sahypa Indiki sahypa