Adamzat jemgyýeti özüniň taryhynda beýlekilerden düýpli tapawutlanýan gymmatlyklary döredip, bütindünýä ruhy hem maddy medeniýetiniň hazynasyny kemala getiripdir. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň milletiň gadymy taryhy, medeni mirasy täzeden öwrenilip başlandy. Şekillendiriş sungaty muzeýinde 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy mynasybetli mejlisler zalynda döredijilik sergisi hem-de ylmy-amaly maslahat gurnaldy. Maslahatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň halk suratkeşleri gatnaşdylar we çykyş etdiler. Sergide “Gyzyl ýyldyz”, “Edermenligi üçin”, “Bagt”, “Jadyly nagyşlar”, “Halyçylar”, “Güýz aýdymy” atly ajaýyp eserleriň ählisinde türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, şanly şu gününiň, arzuw-islegleriniň ajaýyp beýanyny görmek bolýar.
Maslahata we sergä gatnaşanlar, Milli Liderimiziň Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başy dik, işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!