Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda” atly ylmy-amaly maslahaty

Ogulbaýram Durdyýewa – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary. “Magtymguly Pyragynyň unudylmadyk keşbi” Gülnara Kurbanmuhammedowa - Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy we sungaty öwreniji. “Magtymgulynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynda” Şirinjemal Ýegelekowa - Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň uly mugallymy, Halk maslahatynyň agzasy. Amanýaz Kulyýewa – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy. “Ylym tälim algan seni unutmaz”. Täzegül Hapyzowa – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa we edebi miras bölüminiň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. “Alymlar bilen hyzmatdaşlyk kämil eseriň kepilidir. (Pyragynyň sungatdaky keşbiniň mysalynda)”. Sülgün Seýdäýewa – Türkmenistanyň Watan mukaddesligi muzeýiniň gözegçisi. “Magtymgulynyň arzuwlan zamanasy”. Tawus Amanmyradowa – Türkmenistanyň Gökdepe muzeýiniň “Çeperçilik-dikeldiş we medeni aň-bilim işleri” bölüminiň müdiri. “Akyldar şahyryň beýik heýkeli – Arkadag zamanaň dowamatynda”. Aýna Geldimyradowa – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. “Magtymguly diýip adym tutsalar” atly temalar boýunça çykyş etdiler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa