Her ýylda däp bolşy ýaly bu ýyly hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz „Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy“ diýip yglan etmegi bilen, dürli baýramçylyk çäreler, ylmy-amaly maslahatlar we duşuşyklar geçirilýär. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriň gatnaşmagynda we türkmen zenan suratkeşleriň gatnaşmagynda sergi, ussatlyk sapaklary we „Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky tutýan orny“ atly döredijilik maslahaty geçirildi. Türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlary Gülara Babaýewa, Aýjemal Çaryýewa, Gunça Goçmyradowa, Şirinjemal Rejepowa hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan gelen ussat suratkeşler Amini Minoo, Setarnejad Anaghizi Roghayeh, Shahi Zaynab ýaly ussatlaryň gatnaşmagynda nakgaş, grafiki, zergärçilik we kulalçylyk önümleri bilen çykyş edip döredijilik usullary bilen tanyş ederler. Sergide türkmen we eýran halkaryň milliligi, däp-dessurlary we tebigatyň ajaýyp gözellikleri suratlandyrylan eserleri synlap bolýar. Şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan daşary we içeri syýasatlary rowaçlyklara beslensin!