Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýindäki sergisi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine, şol sanda has ysnyşykly ylym-bilim hyzmatdaşlygyny, medeniýet we sungat ulgamynda özara alyşmalary işjeňleşdirmäge täze itergi berýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň halk döredijiliginiň, senetçiliginiň sergisi hem-de milli tagamlarynyň festiwaly geçirildi. Sergide Eýranyň häzirki zaman suratkeşleriniň şekillendiriş sungatyna degişli eserleri, neşir önümleri, ýurduň milli lybaslary we aşhanasy görkezildi. Dabara ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekili hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri çykyş etdiler. Eýran milli aýdym-sazlary, sergide şekillendiriş, nakgaşçylyk eserleri, sowgatlyk we neşir önümleri, eýran milli nagyşlary, myhmanlarda çuňňur gyzyklanma döretdi. Sergä gatnaşyjylary eýran medeni dünýäsine degişli esbaplar bilen içgin tanyş boldular. Mundan başga-da bu ýerde myhmanlara eýran milli tagamlary hödür edildi. Medeniýet günlerini geçirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun, alkyş sözleri aýdyldy.
Ozalky sahypa Indiki sahypa