Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy türkmen medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygyny açyp görkezmek we nesillere ýetirmek ugrunda uly işleri alyp barýan sungat ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-Paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendiriş sungatynda» atly sergi geçirildi. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, eýsem dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biri. Magtymguly Pyragy tutuş adamzadyň, söz mülküniň, şygyrýetiň şasy.
Bu sergide Türkmenistanyň halk surtakeşi Aýhan Hajyýewyň «Magtymgulynyň portreti», «Magtymguly halk arasynda», «Magtymguly zergärçilik ussahanasynda», şeýle hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň «Magtymguly Pyragy», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Rahman Umarowyň «Akyldar», Gunça Nuryýewanyň “Meňli” atly eserleri Magtymguly Pyragynyň keşbini we akyldaryň halk arasynda şygyrlaryny okap duran hem-de durmuşy pursatlaryny beýan edýär. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň ady dünýä dolsun!
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!