Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde gurnalan göçme sergi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Köşgüň giň eýwanynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýi hem öz gaznasyndaky gymmatlyklardan ajaýyp sergisini gurnady. Sergide Iwan Iwanowiç Ilýiniň “Magtymguly” Merdan Kakabaýewiň “Akbugdaý” “Ýedigen” Ýarly Baýramowyň “Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk” Ýakup Annarurow “Baýrak gazanan” atly eserleri we keramikadan ýasalan heýkellerimiz sergilendi. Mundan başgada birnäçe medeniýet pudaklarymyzyň gurnamagynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, neşir önümleri, audio we wideo materiallar görkezildi.
Ozalky sahypa Indiki sahypa