Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen birlikde ykdysady we medeni ulgamlarda hem uly üstünlikler gazanylýar. Halkyň medeni derejesine bolsa, halkyň ruhy kämilligi arkaly göz ýetirmek mümkin. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden göçme sergi gurnaldy. Sergide P. Muhammetgylyjowyň «Türkmen keçesi», I. Işangulyýewiň «Baýramhanyň paýhasy», M. Kakabaýewiň «Gözellik», A. Möwlamowanyň «Milli natýurmort», E. Gulhanowanyň «Enemlerde» şeýle-de J. Aýdogdyýewanyň «Meniň Garaşsyz watanym» atly ajaýyp eserleri sergilendi.
Täsin sungat eserleri sergini synlan her adamda ýakymly duýgulary döretdi. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda ykdysady we medeni ulgamlary ösdürmekde, gadymy we hem müdimi mirasymyzy çuňňur öwrenmäge, Milli medeniýetimizi we şekillendiriş sungatymyzy dünýä ýaýmakda döwletli işleri amal edýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.