Nurberdi Annagurbanowyň döredijilik sergisi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda Milli şekillendiriş sungatynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk, şahsy döredijilik sergileri yzygiderli geçirilýär. 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-ne, zehinli ussat suratkeş Nurberdi Annagurbanowyň döredijilik sergisi geçirildi. Suratkeş akwarel nakgaşçylygy bilen meşgullanyp reňkleriň sazlaşykly öwüşginlerinden ajaýyp eserleri döredipdir. Sergide “Çölüň owazy, “Gün şöhlesinden nazar”, “Geljege nazar”, atly nakgaş eserleri şeýle-de „Halk ýazyjy Berdi Kerbabaýew“ „ Halk artist Baba Annanow“ atly portret žanrynda döreden ajaýyp eserleri sergilendi. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Ozalky sahypa Indiki sahypa