Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe „Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pragy ýylynda gazanylýan ýeňişler, zähmet üstünlikler toýlanylýan toýlar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Güneşli diýarymyzda Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde uly şatlyk dabara bilen bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň 20-nji martynda Ahal welaýatynyň „ Nowruz ýaýlasynda“ Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanasynda ýerleşdirilen sungat eserlerinden göçme sergi gurnaldy. Ajaýyp sergide. Ş. Aşyrowyň „Ene“, O. Amangeldiýewanyň „El iş“, K. Orazgeldiýewiň „Magtymguly Pragy“, M.Kakabaýewiň „Gözellik“, D. Amanowyň „Gülleriň akymy“, T. Döwletowanyň „Bahar geldi“, atly eserleri sergilendi. Ussat suratkeşleriň ýiti zehininden dörän sungat eserleri sergini synlanlarda ýakymly täsirleri döretdi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar, myhmanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan buýsançly sözlerini beýan edýärler.