Garaşsyz baky Bitarap diýarymyzda «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe boldy. Bu taslama her ýylda türki dili ýurtlaryň dürli şäherlerinde geçirilmek bilen halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň «Türkmenistanyň gadymy sungaty» bölüminde Arkadag elektron žurnalynyň redaktory Jemal Saparowanyň alyp barmagynda tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdüriniň orunbasary Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýiniň baş hünärmeni Ogulabat Kakalyýewa, Aşgabat şäher ýaşlar guramasynyň hünärmeni Mahym Selimowa gatnaşdylar. Söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Ýürekleri Watan söýgüsinden doly zenanlarymyz ýurdumyzyň röwşen geljegine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.