Tegelek stol gepleşik.

TÜRKSOÝ tarapyndan üstümizdäki ýylyň Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi halkymyzyň buýsançly taryhynyň şan-şöhratyndan habar berýär. Ýakynda, 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň «Türkmenistanyň gadymy sungaty» bölüminde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby, «Miras» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Gynna Atdaýewanyň alyp barmagynda «Änew şäheri – Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmen halysynyň milli muzeýiniň esasy hünärmeni Altyn Muhammedowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Laçyn Tosyýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa gatnaşdylar. Ussat muzeý hünärmenleri özleriniň çykyşlarynda bäş müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Änew medeniýetiniň döreýiş taryhy barada, XX asyryň barlagçylary tarapyndan «Gözellik öýi» diýlip, şahyrana atlandyrylan Seýit Jemaleddin ýadygärliginiň şekillendiriş hem-de halyçylyk sungatynda wasp edilşi dogrusynda gürrüň berdiler. Çykyş edenler türkmen medeniýetini, sungatyny düýpli öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa