Gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän haly häzirki günde daşary ýurtlaryň arasynda geçirilýän dürli forumlarda, sergilerde, bäsleşiklerde we baýramçylyklarda görkezilip haýrana goýýar. 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edilmegi hem halkymyzy has-da buýsandyrdy.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gurnalan «Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurnady.