Gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän haly häzirki günde daşary ýurtlaryň arasynda geçirilýän dürli forumlarda, sergilerde, bäsleşiklerde we baýramçylyklarda görkezilip haýrana goýýar. 2019-njy ýylda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar bir agyzdan kabul edilmegi hem halkymyzy has-da buýsandyrdy.Türkmen halkynyň milli mirasy bolan halyny şekillendiriş sungatynyň ussatlary hem öz eserlerinde waspyny ýetirýärler. Şeýle ajaýyp eserleri türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan «Gül bezelen halym...» atly sergide synlap bolýar. Tomaşaçylar dürli görnüşli we ajaýyp öwüşgünli halylar, halydan dokalan torbalar we haly önümleri synlap bilýärler. Milli mirasymyz, halkymyzyň buýsanjy, nesilden-nesle geçip gelýän türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun!